Yslam respublikasy sütemlere we ulumsylyga garşy çykýar diýip mertebesi belent lideriň nygtamaklary
Eýran Yslam Respublikasynyň düýbüni tutan Ymam Homeýniniň aradan çykmagynyň 33 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabarada çykyş etdiler.
Eýran Yslam Respublikasynyň düýbüni tutan Ymam Homeýniniň aradan çykmagynyň 33 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabarada Yslam Rewolýusiýasynyň ýokary derejeli ýolbaşçysy, Ymam Homeýniniň ýolbaşçylygyndaky Yslam Rewolýusiýasyny rewolýusiýalaryň taryhynda iň beýik diýip atlandyrdylar.
Geçen Şenbe güni Aýatolla Hameneýi, Ymam Homeýniniň Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňşindäki roly we ýolbaşçylygy hakda we içerki we daşarky meseleler we ösüşler barada möhüm sözleri aýtdylar.
Ol Hezretleri,Yslam rewolýusiýasynyň ýeňşinde Ymamyň ýolbaşçylygynyň roly barada eden çykyşynyň başynda şeýle diýdiler: “Milletiň beýik ummanyny meýdana getirip bilen we umytsyzlary, umytlandyryp bilen Ymam Homeýni (RA)-dy diýdiler.
Ymam Homeýniniň ýolbaşçylygy rewolýusiýany öňe sürmekde we rewolýusiýaçylaryň maksatlaryna ýetmekde möhüm rol oýnapdyr we Ymam Homeýniniň ýolbaşçylyk modeliniň aýratynlyklary rewolýusiýany ýeňilleşdiripdir.Muny Eýranyň Yslam Rewolýusiýasynyň ösüşine syn etmek bilen görüp bolýar.
Ymamyň ýolbaşçylygynyň ilkinji häsiýetini rewolýusiýanyň intellektual düýbi hasaplamak bolar.Bu ol belent derejeli Ymamyň Dini we syýasy bilimleri sebäpli mümkin bolan zatlardyr. Ymamyň habarlarynda Pahlawi režiminiň kanunylygynyň ýoklugy we yslam, adamkärçilikli we hatda konstitusiýa taglymatlaryna äsgermezlik edilýändigi malimdi.
Ymam Homeýniniň rewolýusiýanyň başga bir häsiýeti, halky bäsij etmek üçin ýokary ukybydy. ýönekeý we düşnükli dilde halka dini we syýasy öwredişler berdi we Yslam Rewolýusiýasynyň ideologiýasyny düşündirdi. Syýasat düzmek we dolandyrmak Ymam Homeýniniň Yslam Rewolýusiýasyndaky ýolbaşçylygynyň beýleki aýratynlyklarydyr.
Aýatolla Hameneýi çykyşynyň başga bir böleginde Yslam rewolýusiýasyny rewolýusiýalarynyň taryhynda iň uly ynkylap diýip atlandyrdylar.
Ynkylapyň ýokary derejeli lideri şeýlede, "Ymamyň kömegi bilen häzirki wagtda eýran halky düýbünden çydamly we güýçli millet we garşylyk dünýä syýasy edebiýatynda görnükli sözleriň birine öwrüldi diýdiler "