Aragçi bilen Riýabkow Tehranda duşuşdylar
(last modified 2018-02-14T15:21:36+00:00 )
Feb 14, 2018 20:21 Asia/Ashgabat

Eýranyň daşary işler ministriniň syýady işler boýunça orunbasary Abbas Aragçi bilen Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Riýabkow Tehranda duşuşyp iki taraplaýyn mowzuklar şeýle-de ýadro ylalaşygynyň amala aşyrylyşynyň soňky ýagdaýy barada gürrüň etdiler.

şu gün Eýranyň daşary işler ministriniň syýady işler boýunça orunbasary Abbas Aragçi Sergeý Riýabkow bilen geçiren duşuşygynyň ýanynda ýadro ylalaşygynyň amala aşyrylyşyna we Amerikaly resmileriň bu ylalaşyk baradaky pozisiýasyna yşarat edip başga ýurtlaryň Amerika bilen arkalaşygy Eýran üçin möhüm däldir emma Eýranyň pozisiýasy ýadro ylalaşygyna el degirilmezden ony amala aşyrmakdyr diýip nygtady.

Aragçi sözüniň dowamynda ýadro ylalaşygy barada ýaňadan gepleşik geçirilmegini bolmajak iş hasaplap Eýran,Orsýet,Hytaý hemde Ýewropanyň uç ýurdynyň ýadro ylalaşygy baradaky pozisiýalary bellidir diýip beýan etdi.

Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Riýabkow hem bu duşuşygyň ýanynda beren gürrüňlerinde ýadro ylalaşygynyň üstünde köp pikir edilendir diýmek bilen ýadro ylalaşygy üýtgedilmez we Moskwa döwleti şu ugurda Eýranly dostlarynyň ýanynda bolar diýip yglan etdi.

Tags