Eýran bilen Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňelmegi nygtaldy
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti we Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň başlygy ähli taraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek we sebitdäki iň möhüm meseleler barada duşuşyp maslahatlaşdylar.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, Özbegistan Respublikasynyň prezidenti Şawkat Mirzaýew çarşenbe güni Eýranyň mejlis başlygy Muhammet Bager Galibaf bilen geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösmeginden hoşaldygyny aýtmak bilen Özbegistan bilen Eýranyň arasyndaky gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösmegini nygtady.
Eýranyň mejlis başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýid Ybraýym Raisiniň Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine salamlaryny gowşurmak bilen Eýran tarapynyň iki dostlukly ýurduň arasyndaky ähli taraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmak borjuna ünsi çekdi.
Eýranyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary wezipeli adamlary şertnamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmek we ileri tutulýan meýilnamalary öňe sürmek maksady bilen parlamentara konstruktiw gepleşikleriň dowam etdirilmegi barada pikir alyşdylar.
Mirziýaýew bilen Galibaf şeýle-de Owganystandaky ýagdaý barada pikir alyşdylar we bu ýurduň uzak möhletli parahatçylygy we durmuş-ykdysady taýdan täzeden gurulmagyny gazanmak maksady bilen bu ýurda berilýän kömegiň artmagynyň möhümdigini aýtdylar.