Şamhani: Eýranyň Azerbaýjan respublikasy bilen ähli taraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin çäklendirmeleri ýok
Eýranyň Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary: Eýran Yslam Respublikasynyň Azerbaýjan Respublikasy bilen ähli taraplaýyn gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ösdürmekde hiç hili çäklendirmesi ýokdyr diýdi.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Bakua giden Yslam Rewolýusiýasynyň Ýokary Lideriniň wekili we Eýranyň Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary "Ali Şamhani" anna güni Azerbaýjan Respublikasynyň prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşanda iki dost we dogan ýurtlary bolýan Eýran bilen Azerbaýjan Respublikasy arasyndaky gatnaşyklaryň ähmiýetini belläp, Eýran hökümetiniň ileri tutýan maksady goňşulary bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmak we giňeltmekdir we bu çäkde Yslam Respublikasynyň berk islegi, ähli ugurlarda goňşy musulman ýurdy hökmünde Azerbaýjan Respublikasy bilen mähirli gatnaşyklary mümkin boldugyça artdyrmakdyr diýdi.
Eýranyň Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary Azerbaýjanyň prezidentine ýüzlenip: Soňky 30 ýylda Eýranyň Azerbaýjan Respublikasy bilen gaty gowy hyzmatdaşlygy bardy we täze döwürde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar gowy ýagdaýda dowam edýär diýdi.
Eýranyň Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary, Yslam respublikasynyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary bozmaga synanyşýan aktýorlara garşy durmak baradaky tutanýerliligini hem nygtamak bilen birek-biregiň kömegi bilen dostlukly we goňşy ýurtlaryň arasynda aralyk döretmäge ýol berilmeli däldir diýip sözlerine goşdy.
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti hem, Tähran bilen Bakuwyň arasyndaky gatnaşyklaryň, iki ýurduň liderleriniň berk erk-islegine esaslanyp, dostlukly gatnaşyklary islemeýän ýurtlaryň basyşy astynda galmazdan çynlakaý ösýändigini aýtdy.