Pezeşkian Azerbaýjan respublikasy bilen gatnaşyklary ösdürmäge we berkitmäge aýratyn ähmiýet berdi
(last modified Mon, 31 Mar 2025 11:41:42 GMT )
Mar 31, 2025 16:41 Asia/Ashgabat
  • Pezeşkian Azerbaýjan respublikasy bilen gatnaşyklary ösdürmäge we berkitmäge aýratyn ähmiýet berdi

Eýranyň Yslam Respublikasynyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasyndaky kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde iki goňşy döwletiň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge we berkitmäge gönükdirilen täsirli we üstünlikli geňeşmelere ünsi çekdi.

Pars Today -iň habaryna görä, duşenbe güni (31-nji Martda) Azudbaýjanyň prezidenti Elham Alyýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Masud Pezeşkian Oraza baýramynyň we Nowruzyň gelmegini gutlamak bilen, Azerbaýjan Respublikasynyň musulman halky we dünýädäki ähli musulmanlar bu mukaddes aýyň ýagşylyklaryndan we bereketlerinden peýdalanar diýip umyt edýärin diýdi.

Pezeşkian ýakyn wagtda Azerbaýjan Respublikasyna boljak saparyna yşarat edip bu saparyň dowamynda iki goňşy döwletiň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge we pugtalandyrmaga, şeýle hem dostluk we doganlyga gönükdirilen täsirli we üstünlikli maslahatlara eýe bolup bileris diýip umyt edýärin diýdi.

Bu telefon söhbetdeşliginde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti, Eýranyň halkyny Oraza baýramy we Nowruz bilen gutlap: Iki ýurduň arasyndaky goňşuçylyk gatnaşyklaryny we özara gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak üçin biziň ýurdumyza saparyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys diýdi.