Abolfazl Amoui: Baýdeniň sebite eden sapary Amerikanyň içerki maksatlaryny öňe sürmekdi
(last modified Sun, 17 Jul 2022 10:53:30 GMT )
Jul 17, 2022 15:53 Asia/Ashgabat
  • Abolfazl Amoui: Baýdeniň sebite eden sapary Amerikanyň içerki maksatlaryny öňe sürmekdi

Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň Milli Howpsuzlyk we Daşary Syýasat Geňeşiniň agzasy: ABŞ-nyň prezidenti "Jo Baýdeniň" Günbatar Aziýa sebtine eden sapary we Eýrana garşy esassyz aýyplamalary Amerikanyň içerki zerurlyklaryny üpjün edýän oýundy diýdi.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden anna güni bir ýagdaýda Saud Arabystanyna bardy welin mundan ozal Jamal Haşogçiniň elhenç öldürilmegini birnäçe gezek tankytlapdy. Saud Arabystanly žurnalisti Jamal Haşogçi 2018-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Saud Arabystanynyň Stambuldaky konsullygynda Saud Arabystanynyň wekilleri tarapyndan öldürildi.

Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň Milli Howpsuzlyk we Daşary Syýasat Geňeşiniň agzasy Abolfazl Amoui, ýekşenbe güni Mejlisiň köpçülikleýin ýygnagnyň çäginde EýranPress gullugyna beren interwýusynda, ABŞ-nyň prezidentiniň Saud Arabystanyna eden sapary, ABŞ-nyň energiýa zerurlygy artýan bir wagtyň özünde inflýasiýany azaltmak maksady bilen geçirildi we bu sapar wagtynda Eýrana garşy aýdan sözleri düýbünden esassyzdyr diýdi.

Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň Milli Howpsuzlyk we Daşary Syýasat Geňeşiniň agzasy şeýle-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidenti, Eýrana garşy esassyz talaplar bilen sebitiň ýurtlary tarapyndan kabul edilmegini isleýär, bu ýurtlar bolsa Eýranyň pozisiýasyny saklamak üçin ýadro ýaragyna mätäç däldigini bilýärler diýdi.

ABŞ-nyň prezidenti "Jo Baýden" düýn (şenbe) Jedda ýygnagynda arap ýurtlarynyň birnäçe baştutanynyň arasynda Eýranyň alyp barýan işleriniň sebitde durnuksyzlyga sebäp bolandygyny öňe sürdi.

Amerikanyň prezidenti, şeýle hem bu ýurduň Eýranyň ýadro programmasyna basyş etmek üçin diplomatik tagallalaryny dowam etdirjekdigini aýtdy we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Eýrana ýadro ýaraga ýetmäge ýol bermejekdigini aýtdy.