Jul 20, 2022 08:06 Asia/Ashgabat
  • Rewolýusiýanyň ýokary lideri: Amerikalylar Siriýada frat derýasynyň gündogaryndaky sebitden kowulmaly

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri sişenbe agşam Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we onuň ýanyndaky delegasiýa bilen bolan duşuşykda Siriýa meselesini diýseň möhüm hasaplap Siriýadaky ýene bir möhüm mesele, frat derýasynyň gündogaryndaky hasylly we nebite baý ýerleri Amerikalylaryň basyp almagydyr, bu mesele olaryň sebitden kowulmagy arkaly çözülmelidir diiýp beýan etdiler.

Bu duşuşykda Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneý dünýädäki wakalaryň Eýranyň we Russiýanyň  özara hyzmatdaşlyklaryny barha artyrmaga mätäçdigini görkezýändigini aýdyp Iki ýurduň arasynda, şol sanda nebit we gaz pudagynda-da yzarlanylmaly we ahyryna çenli durmuşa geçirilmeli köp düşünişmeler we şertnamalar bar diýdiler.

Aýatolla Hameneýi Hezretleri sözüniň dowamynda Eýran bilen Russiýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy, esasanam Günbatar sanksiýalaryndan soň, iki ýurt üçin zerur we peýdaly hasapladylar we Ukrainadaky wakalara hem yşarat edip Uruş diýseň kyn we ýaman mesele, Yslam respublikasy ýönekeý halkyň ejir çekýändigine asla begenenok, emma Ukraina meselesinde, amal pursadyny köýdiren bolsaňyz, beýleki tarap urşa sebäp bolardy diýip beýan etdiler.

Ynkylap lideri, günbatarlylaryň güýçli we garaşsyz Russiýa düýbünden garşydyklaryny we NATO-ny howply bir gurama hasaplap Bu ýol NATO üçin açyk bolsa, serhetleri bilmezdi  we Ukrainada saklanmasa, Krym bahanasy bilen şol söweşi birneme soň başlardy diýip açykladylar.

Aýatolla Hameneýi: Elbetde, häzirki wagtda Amerika we Günbatar öňküsinden has gowşak, köp tagallalara we çykdajylara garamazdan sebitimizde, şol sanda Siriýada, Yrakda, Liwanda we Palestinde alyp barýan syýasatlarynyň üstünlikleri ep-esli azaldy diýip beýan etdiler.

 

Tags