Raisi: Siriýanyň goşunynyň bu ýurduň ähli serhetlerine gözegçilik etmegi zerurdyr
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Siriýanyň goşuny bu ýurduň ähli serhetlerinde agdyklyk etmeli we bu ýurduň milli özygtyýarlylygyna hormat goýulmalydyr diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ybraýym Raisi çarşenbe güni Tähranda Siriýanyň Daşary işler ministri Faýsal Mikdad bilen duşuşyp, Siriýanyň hökümetine we halkyna üstünlik we abadançylyk arzuw etmek bilen geljek bu ýurduň halkynyň bähbidine bolar we Siriýanyň halkynyň sabyrlylygy we garşylygy bu ýurduň we sebitiň geljegini ýagtylandyrar diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti şeýle-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň frat derýasynyň gündogaryndan we tutuş sebitden çykmagy Günbatar Aziýadaky krizisleriň esasy çözgüdidir we Yslam rewolýusiýasynyň ýokary ýolbaşçysynyň aýdyşy ýaly, Amerikalylar Siriýadan gitmelidirler.
Şeýle hem Faýsal Mekdad Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň salamlaryny Eýranyň prezidentine gowşurdy we bu ýurduň häzirki syýasy we howpsuzlyk ýagdaýy barada hasabat berdi.
Siriýanyň Daşary işler ministri öz ýurdunyň Siriýanyň meselelerini we kynçylyklaryny çözmek islegine ünsi çekip bu maksatlara ýetmek üçin gün tertibinde dürli syýasy we diplomatik başlangyçlaryň bardygyny nygtady.
Siriýanyň Daşary işler ministri Astana ýygnagynyň Eýranda geçirilendigine minnetdarlyk bildirdi we bu duşuşygyň gazananlaryndan kanagatlanýandygyny aýtmak bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň we Rewolýusiýanyň Ýokary derejeli Lideriniň bellikleri Tähran bilen Damaskyň arasyndaky bileleşigi görkezýär diýdi.