Dini syýasatdan aýyrmak syýasata Ynkylabyň ýokary lideriniň gyzyl çyzyk çekmekleri,
Yslam Rewolýusiýasynyň belent derejeli Ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýi, Dini syýasatdan aýyrmak syýasata gyzyl çyzyk çekdiler.
Yslam Ynkylabyndan soň ,ilkinji juma namazyny okamagyň ýyl dönüminde,Yslam Rewolýusiýasynyň belent derejeli Ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýi, çarşenbe güni irden ýurduň çar künjeginden gelen juma ymamlar bilen duşuşdylar.
Hezretleri Aýatolla Hameneýi bu möhüm ýygnakda birnäçe meseläni gozgadylar. Hezretleri Aýatolla Hameneýiň çykyşynyň mysallaryndan biri, Eýran Yslam Respublikasynyň Günbatar siwilizasiýasynyň we syýasatynyň, ýagny diniň syýasatdan aýrylmagy ugrunda negatiw çyzyk çekmek ugrundaky möhüm üstünligine ünsi çekdiler.
Ynkylabyň ýokary lideri, Yslam respublikasynyň ,günbatar siwilizasiýasynyň şahsyýetiniň merkezi nokadyny ýatyrmak baradaky beýik işini, ýagny dini syýasatdan aýrylmagyna gyzyl çyzyk çekmek bolandyr diýdiler.
Yslam respublikasy diňe din şygary bilen özüni gorap saklamady,eýsem Eýranyň ösüşi bilen diniň gabat gelmeýändigini görkezdi diýdiler.
Şonuň üçin Gunbatarlylar hasda Sionistler uzak wagtlap tagallalary bilen Bu dine we syýasata garşy çykdylar.
Soňky birnäçe asyrda günbatar akyldarlarynyň we hökümetleriniň diniň döwletden ýa-da diniň syýasatdan aýrylmagyna berýän ünsleriniň tersine, Yslam respublikasy täze bir çemeleşme, ýagny dini demokratiýa bilen, dini Syýasy arena girdirendir.günbatarlylar , Diniň , syýasata gabat gelmeýändigini we dini döwletden aýyrmagyň zerurdygyny öňe sürýärdiler ýöne Yslam Ynkylaby bu toslamany puça çykarandyr.
Dini demokratiýa, ylahy kanunylyga we adamlaryň kabul etmegine esaslanýan hökümet modeline degişlidir we hökümdar ylahy düzgünleri, hyzmatlara gönükdirýär we maddy we ruhy taýdan ösmek we kämillik üçin platforma döretmekde rol oýnaýar. Dini demokratiýa, şerigat taglymatlarynyň çäginde dini raýatlaryň syýasy durmuşa işjeň gatnaşýan dolandyryşyň bir görnüşi hökmünde kabul edilip bilner.