Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti: Sebitiň musulman halklary basyp alyjy sionist režimi ýigrenýärler
(last modified Thu, 04 Aug 2022 16:56:11 GMT )
Aug 04, 2022 21:56 Asia/Ashgabat
  • Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti: Sebitiň musulman halklary basyp alyjy sionist režimi ýigrenýärler

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti: Häzirki wagtda sebitdäki musulman halklary basyp alyjy sionist režimi ýigrenýär we garşylygy bu režime garşy durmagyň esasy ugry hasaplaýar diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Siýed Ybraýym Raisi penşenbe güni Tähranda Palestina Yslam Jihad Hereketiniň Baş sekretary Ziad Nahale bilen bolan duşuşygynda garşylygy iň ýokary we ahyrky ýeňiş logikasy hasaplamak bilen şeýle diýdi: Palestina meselesi üçin halklaryň goldawy ABŞ-nyň we Sionist režimiň Günbatar Aziýa sebitindäki syýasatlaryna iň uly päsgelçilikdir.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti basyp alnan ýerlerde bolup geçen wakalar barada durup geçip, parahatçylyk şertnamalary diýilýän zat däl-de, “garşylygyň aýdyň ýoly” duşmany umytsyz we dünýädäki garşylyk çemeleşmesini goldaýanlary umytly edendir diýip sözlerine goşdy.

Sionist režimiň sebitdäki käbir ýurtlar bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmak ugrundaky tagallalaryna salgylanyp, Raisi: Sionist režimi bu ýurtlar bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmak we ýola goýmak bilen özi üçin howpsuzlyk döredip biler diýip pikiri edýärdi, emma bu çäreler sionistler üçin hiç hili howpsuzlyk döretmedi we döretmez sebäbi olar sebitde we geljekdäki özgerişler barada dogry bilimleri we çaklamalary ýokdyr diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Palestina we garşylygy goldawyny Eýran Yslam Respublikasynyň kesgitli syýasaty diýip hasaplamak bilen şeýle diýdi: Palestina garşylygynyň ýeňşine ýetjekdigine we mukaddes Kudsyň azat ediljekdigine şek ýokdyr.

Palestina Yslam Jihad Hereketiniň Baş sekretary, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen bolan duşuşygyndan hoşaldygyny aýdyp häzirki wagtda Eýran Yslam Respublikasy sebitde we dünýäde öňküsinden has batyrgaý we güýçli gatnaşyga eýedir we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň şahsy çemeleşmesiniň sebit ýurtlary bilen gatnaşyklary pugtalandyrmakda we bu ugurdaky ezijilere garşy durmakda möhüm rol oýnandygyna şek ýokdyr diýdi.