Eýranyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlyga taýýardygy
Eýranyň Içeri işler ministri Ahmad Wahidi geçen anna güni Özbegistan tarapyndan gurnalan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň içeri işler ministrleriniň dördünji maslahatyna gatnaşdy.
Eýranyň Içeri işler ministri Ahmad Wahidi geçen anna güni Özbegistan tarapyndan gurnalan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň içeri işler ministrleriniň dördünji maslahatyna gatnaşdy. terrorçylyga, ekstremizme, guramaçylykly jenaýata we neşe serişdelerine garşy göreş ýaly meseleler Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň içeri işler ministrleriniň dördünji ýygnagynda ara alnyp maslahatlaşyldy we halkara terrorçylygyň pidasy bolan Yslam Eýranyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlary bilen terrorçylyga, ekstremizme, guramaçylykly jenaýatçylyga we neşe gaçakçylygyna garşy göreşmäge doly taýýardygyny Eýranyň Içeri işler ministri Ahmad Wahidi aýtdy.
Wahidi şeýle hem Eýran Yslam Respublikasy terrorçylygyň islendik görnüşini ýazgarýar diýdi.Eýran Yslam Respublikasynyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlary bilen terrorçylyga we ekstremizme garşy göreşde hyzmatdaşlyga taýýardygyny yglan etmek, Eýranyň terrorçylyga garşy uzak möhletleýin göreşini ýurduň içinde we sebit derejesinde göz öňünde tutsaň manylydyr. Içerki derejede, Eýran dünýä derejesinde terrorçylygyň esasy pidalarynyň biri hökmünde tanalýar. mynapyklar toparyň agzalary birnäçe ýyllap dowam eden ýaragly we terrorçylykly hereketlerde 17 müňe golaý adamy we Eýran Yslam Respublikasynyň köp sanly işgärini rehimsizlik bilen öldürdi. indi onuň galyndylary günbatarlylaryň goldawy bilen Albaniýada ýarym ýürek ýaşamagyny dowam etdirýär.
Sebit derejesinde Eýran Yslam Respublikasy terrorçylyga we ekstremizme garşy göreşde öňdebaryjy boldy we Siriýada, soňra Yrakda terrorçy toparlaryň döremeginiň we giňelmeginiň öňüni aldy we bu iki ýurduň hökümetleri bilen giňişleýin hyzmatdaşlygy etdi. Mundan başga-da,Daeş guramasynyň terrorçylykly hereketleri Owganystanda ýaýramagy barada birnäçe gezek Eýran duýduryş berdi. Indi Owganystandaky Daeş terrorçylyk operasiýalarynyň gerimini günsaýyn artdyrdy we bu ýurduň ezilen halkyna garşy janyndan geçen hüjümlere we terrorçylykly partlamalara, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzalary alada saldy. Elbetde, Tähranyň bu ýurtlar bilen terrorçylyga we ekstremizme garşy göreşde hyzmatdaşlygy bu ýurtlara terror howplaryna garşy göreşde uly kömek edip biler.