Tehraniň juma namazynyň hutbalary
Tehraniň wagtlaýyn juma ymamy 22-nji bahman güni Eýran milletiniň geçiren üýtgeşik ýol ýörişi yslam ynkylabynyň arzyly maksatlaryny goramak baradaky Eýran milletiniň berk yradasyny sergä goýdy diýip nygtady.
Hojjatol yslam Muhammet Hasan Abutorabifard Tehraniň juma namazynyň hutbalarynda Eýran milleti 22-nji bahman güni berk yrada bilen yslam ynkylabynyň ýokary arzyly maksatlaryny dost-ýarlarynyň we duşmanlaryň gözleriniň alnynda tomoşa goýdy diýmek bilen hudaý tagalanyň Eýran milletine bolan rahmeti we merhemeti bu ýol ýörişiň iň möhüm sargydydyr diýip nygtady.
Tehraniň wagtlaýyn juma ymamy yslam ynkylabynyň ýeňişe ýeten gününiň 39-njy ýyllygynda geçirlen ýol ýörişiň ikinji möhüm sargydy Eýran milletiniň yslam ynkylabynyň düýbini tutan Ymam Humeýni hezretlerine hemde mertebesi belent ýolbaşçysyna ygrarlydyklaryny ýene bir gezek yglan etmegi bolandyr diýip beýan etdi.