Ruhani:duşmanlara we Sionist režimine garşy yslam dünýäsiniň birleşigi zerurdyr
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani dünýä musulmanlary agzybir bolan bolsady Kudusy Sionist režiminiň paýtagty höküminde ykrar etmäge Amerika milt etmezdi we Sionist režimi hem her günde Palestinalylaryň hak-hukukyna el gatyp bilmezdi diýdi.
Hindistana sapar eden Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani Haýdarabat şäheriniň Mekge atly metjidinde juma namazyna gatnaşmagyndan soňra beren gürrüňlerinde bütin dünýä musulmanlarynyň birleşmekden başga çäreleriniň ýoklygyna yşarat etmek bilen kesekiler musulmanlary kemsitjek bolýarlar emma taryh boýunda ylyma we uly siwilizasiýa eýe bolan musulmanlar dünýäniň geljegini hem eýelejekdirler diýip nygtady.
prezident Ruhani sözüniň dowamynda Hindistanda durnukly howpsyzlyk barada hoşallyk beýan edip duşmanlar musulmanlaryň birleşmegini islemeýärler emma Eýran bilen Hindistanyň milletleri ylym we siwilizasiýada birek-biregiň ýanynda bolandyrlar diýip nygtap geçdi.
Eýranyň döwlet baştutany Hindistanyň Haýdarabat şäherine gurnan saparynyň 2-nji gününde Kutb Şahi adyndaky taryhy binany ýakyndan baryp gördi.