Yragyň syýasy toparlarynyň arasyndaky gepleşiklere Eýranyň berýän ünsi
(last modified Thu, 01 Sep 2022 04:49:10 GMT )
Sep 01, 2022 09:49 Asia/Ashgabat
  •  Yragyň syýasy toparlarynyň arasyndaky gepleşiklere Eýranyň berýän ünsi

Eýranyň Daşary işler ministrligi Yrakdaky soňky wakalar barada beýannama ýaýradyp,Tähran hemişe durnukly, howpsuz we güýçli Yragy isleýär diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň beýannamasynda şeýle diýilýär: Eýran Yslam Respublikasy Yraga parahatçylygyň gaýdyp gelmeginden kanagatlanýandygyny mälim edýär we ölenler barada gynanç bildirýär we soňky wakalarda ýaralananlara saglyk, sabyr, paýhas arzuw edýär.Eýran şeýlede, Yrak hökümetiniň we halkynyň bu  uly gozgalaňy ýeňmegini öwýär.

Yrak uzak wagt bäri içerki meselelere we krizislere duçardyr. 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda geçirilen parlament saýlawlaryndan soň hökümet gurmak baradaky jedel başlandy we Yragyň Sadr hereketiniň lideri Moktada Sadr bu hereketiň 73 wekilinden işinden çekilmegini isledi; Sadr hereketiniň wekilleri işinden aýrylandan soň, Yragyň şaýy partiýalarynyň utgaşdyryjy komiteti käbir Yrak partiýalary bilen duşuşygynda Yrakda hökümet gurmak prosesini çaltlaşdyrmaga ünsi çekdi.

Moktada Sadr duşenbe güni (29-njy awgust) syýasatdan çekilendigini yglan edip, Yrakda ýene bir dartgynlylyga sebäp boldy, hatda bu ýurtda ganly çaknyşyklara sebäp boldy. Syýasat dünýäsinden çekiljekdigi yglan edenden soň, Sadryň tarapdarlary Prezident köşgüne, premýer-ministr köşgüne we Bagdatda ýokary kazyýet geňeşine hüjüm edip, onlarça adamyň ölmegine we ýüzlerçe adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy.

Yrakdaky wakalar Eýran üçin köp babatda möhümdir. Günbatar Aziýa sebitiniň arap ýurtlarynyň arasynda Yrak, Eýran bilen medeni we dini taýdan has ýakyndyr. Goňşularyň arasynda iň uzyn serhedi (takmynan 1258 km gury ýer araçägi we 351 km suw araçägi) Yrak bilen bardyr, jyns, taryhy, dil gatnaşyklary, dini umumylyklar, howplaryň we umumy howpsuzlyk we ykdysady bähbitleriň bolmagy Eýran-Yrak gatnaşyklarynda möhüm nokatlar hasaplanýar. . Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar soňky ýyllarda goňşuçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň çäginde giňelýär we gatnaşyklaryň hemme taraplaýyn pugtalandyrylmagy iki ýurduň häkimiýetleri tarapyndan nygtalýar.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneýi, 2020-nji ýylyň iýulynda Yragyň premýer-ministri Mustafa Al-Kazemi bilen bolan duşuşygynda Eýran bilen Yragyň arasyndaky gatnaşyklary sözüň hakyky manysynda doganlyk diýip atlandyrdylar. Eýran Yslam Respublikasy üçin ikitaraplaýyn gatnaşyklarda gyzyklanma, peýdalar, howpsuzlyk, abraý, sebit häkimligi we Yrakdaky şertleriň gowulaşmagy möhümdir.

Sebitdäki krizisleri çözmekde, esasanam Yrakda terrorçylyga garşy göreşde möhüm rol oýnan Eýran Yslam Respublikasynyň güýçli Yragyň bolmagyny sebitde parahatçylygyň we howpsuzlygyň kepili hasaplaýandygy äşgärdir.  

 

Tags