Eýranyň prezidenti Özbegistany garaşsyzlygynyň ýyl dönümi bilen gutlady
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Özbegistanyň garaşsyzlygynyň ýyl dönümini bu ýurduň Prezidentine we halkyna gutlady.
Prezidentiň maglumat bazasyna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ybraýym Raisi penşenbe güni Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirzaýewe iberen sargydynda Eýran Yslam Respublikasy we Özbegistan Respublikasynyň işgärleriniň tagallasy bilen iki ýurduň arasyndaky oňyn özara gatnaşyk we aragatnaşyk prosesi sebäpli iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň hasam giňelmegine umyt bildirdi.
Eýran Yslam Respublikasy 1991-nji ýylyň 25-nji dekabrynda Özbegistanyň garaşsyzlygyny ykrar etdi we 1992-nji ýylyň 10-njy maýynda iki ýurduň arasynda syýasy gatnaşyklar ýola goýuldy.