mertebesi belent ýolbaşçy: kesekilere daýanmak howplydyr
yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy ýadro gepleşiklerinde kesekilere ynam etmekden ýurduň peýda görmänligini aýdyp ýadro ylalaşygynda kesekilere daýanmagyň netijesini gözümiz bilen gördik we onuň peýdasyzdygy belli boldy diýip nygtadylar.
şu gün yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri Tehranda Eýranyň Täbriz şäheriniň dindar we ynkylapçy ilatynyň müňlerçesiniň arasynda beren gürrüňlerinde elbetde begenç bilen aýtsak Eýranyň jogapkärleri ýadro ylalaşygy barada gowy amal etdiler we sylaga sezewar daşary işler ministrmiz Amerikalylaryň betniýetliliklerine we ikiýüzüne kakmaklaryna talaba laýyk gaýtawul berendir we bu ýol dowam etdirilmelidir diýip beýan etdiler.
şu gün yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri sözüniň dowamynda kesekilerden peýda görülmelidir emma oňa ynam edip daýanylmaly däldir sebäbi dürli ýollardan ýurduň ykbalyna musallat bolýarlar oňa görä Eýranyň jogapkärleri bu meseläni üns merkezine almalydyrlar diýip nygtadylar.
şu gün yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri şeýle-de öz harby enjamlary bilen umum adamzada howp abandyrýan emma Eýranyň raketa kuwwatlylygyna garşy çykýan duşmanlary tankyt edip bu meselqniň size ýetýän ýeri ýokdyr, siz Eýran milletini raketa we başga goranyş enjamlardan paýsyz goýjak bolýarsyňyz we şeýdip hem Eýran milletine zor aýtjak bolýarsyňyz diýip sözüne goşdylar.