Hytaýyň Milli güni mynasybetli prezidentiň ýüzlenmesi
(last modified Sat, 01 Oct 2022 10:20:57 GMT )
Oct 01, 2022 15:20 Asia/Ashgabat
  • Hytaýyň Milli güni mynasybetli prezidentiň ýüzlenmesi

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Hytaý Respublikasynyň Prezidentine iberen ýüzlenmesinde bu ýurduň Milli gününiň gelmegini gutlamak bilen Tähranyň we Pekiniň hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygy durmuşa geçirmek baradaky çynlakaý islegi umumy bähbitleriň durmuşa geçirilmegi üçin aýdyň gözýetim döredýär diýdi.

Eýranyň prezidenti Seýid Ybraýym Raisi, Si Szinpini we bu ýurduň halkyny Hytaýyň Milli gününiň gelmegi bilen gutlaýan ýüzlenmesinde: Häzirki dünýä kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolup, olary ýeňip geçmek üçin garaşsyz ýurtlaryň hyzmatdaşlygyny ýokarlandyrmaly we adam oglunyň bähbitlerini üpjün etmek üçin global çözgütlere pikirlenmeli diýdi.

Prezident Raisi, Eýran Yslam Respublikasynyň Hytaýyň Prezidentiniň "Global Ösüş" we "Global Howpsuzlyk" başlangyçlaryny goldaýandygyny aýtdy we olary halklaryň köpçülikleýin bähbitlerine esaslanýan we abadançylygy ýokarlandyrmaga we global parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge gönükdirilen pikirler hökmünde garşy almak bilen Eýran we Hytaý, iki garaşsyz ýurt hökmünde we birtaraplaýynlyga we beýleki ýurtlaryň içerki işlerine goşulmagyna garşy ýurt höküminde, gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmek üçin köp mümkinçilikleri bardyr diýdi.

Tags