Demirgazyk Horasanyň welaýat häkimi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň giňelmegine ünsi çekdi
(last modified Tue, 18 Oct 2022 07:09:35 GMT )
Oct 18, 2022 12:09 Asia/Ashgabat
  • Demirgazyk Horasanyň welaýat häkimi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň giňelmegine ünsi çekdi

Eýranyň Demirgazyk Horasanyň welaýat häkimi, Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda hususy pudagyň hyzmatdaşlygyny giňeltmäge çagyrdy.

Eýranyň Talyplar Habar Gullugynyň (ISNA) habar bermegine görä, Eýranyň Demirgazyk Horasanyň häkimi, bu welaýatdan bir iş wekiliýetiniň ýolbaşçylygynda Türkmenistana baran mahalynda duşenbe güni agşam Eýranyň Aşgabatdaky ilçisi Golamohsin Arbab Halis bilen bolan duşuşygynda Welaýatyň ykdysady maksady hususy pudagy güýçlendirmek we welaýaty ösdürmäge maýa goýujylary çagyrmakdyr diýdi.

Hosseýnnejad Demirgazyk Horasan welaýatynyň söwdagärleri üçin Türkmenistan ýurdy bilen berk arabaglanyşygyň möhümdigini aýdyp Türkmenistanyň  Ahal welaýatynyň häkiminiň hem, Demirgazyk Horasan welaýaty bilen umumy serhet geçelgesini döretmegiň ähmiýetine üns bermegini we iki welaýatyň mundan beýläk-de ykdysady ösüşiniň we gülläp ösmeginiň ýolunyň tekizlenmgine ünsi çekdi.

Eýranyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Demirgazyk Horasan welaýatynyň Türkmenistan bilen umumy araçägi 300 kilometrden gowrak. Demirgazyk Horasan bilen Türkmenistanyň serhedinde "Porsy Suw" geçelgesiniň döredilmegi iki ýurduň jogapkärleri tarapyndan 2004-nji ýylda tassyklandy.