Aýatolla Hatami: Duşmanlaryň hyýanatçylygy Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň ýagty geljeginde päsgelçilik döretmez
(last modified Fri, 21 Oct 2022 12:46:20 GMT )
Oct 21, 2022 17:46 Asia/Ashgabat
  • Aýatolla Hatami: Duşmanlaryň hyýanatçylygy Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň ýagty geljeginde päsgelçilik döretmez

Tähranyň juma namazynyň Hatyby Eýranda Yslam rewolýusiýasynyň geljegi geçmişden has ýagtydyr diýmek bilen duşmanlaryň hyýanatçylygy rewolýusiýanyň geljeginde hiç hili päsgelçilik döretmez diýdi.

Tähranyň juma namazynyň wagtlaýyn hatyby Aýatolla Seýid Ahmad Hatami, ýurtda geçen hepdäniň bidüzgünçiliklerine yşarat edip Eýranyň duşmanlary Eýran halky üçin köp ham hyallary etdiler, ýöne bu arzuwlaryň hemmesi puç boldy we islän we öňde goýan maksatlaryna ýetip bilmediler diýdi.

Aýatolla Hatami, duşmanlaryň rewolýusiýa garşy ot açanlarynda, Hudaýyň bu ody söndürendigini aýtmak bilen dinimiziň we ynkylabymyzyň tarapynda we arkasynda durýan zamana çenli, duşmanlaryň Eýran halkyna garşy edýän bu erbetlikleri we jenaýatlary dowam eder diýdi.

Tähranyň juma namazynyň wagtlaýyn hatyby şeýle-de, ýurtda duşmanlaryň hyýanatçylyklaryna we bidüzgünçiliklerine garşy göreşmegiň usullary hökmünde syýasy, medeni, howpsuzlyk we ykdysady taýýarlygy ýatlap şeýle diýdi: çydam görkezmek, yslam milletiniň duşmanlaryň zalymlygynyň öňünde bolmaly aýratynlyklaryndan biridir we Eýranyň halky diňe bu dildüwşüklerden ýadamandyklara bärde dursun eýsem ýadulygy hem ýadadyrlar diýdi.

Aýatolla Hatami sözüniň dowamynda, Eýranyň yslam düzgüniniň günsaýyn ösýändigini belläp elhenç ýagdaýyny dünýä bilýän Amerika, soňky bir aýyň içinde ähli güýjüni gozgalaňçylary goldamak üçin ulanandygyny aýtdy.

Tähranyň juma namazynyň wagtlaýyn hatyby şeýle-de bu bir aýyň dowamynda ýurdy ýok etmek üçin duşmanlar tarapyndan wagşyçylyk, metjit ýakmak, Guran ýakmak we musulman aýallardan hijaby aýyrmak we howpsuzlyk işgärlerine hüjüm etmegiň yzarlanandygyny aýtdy.