Eýran Yslam Respublikasy bilen Siriýanyň daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Eýranyň we Siriýanyň daşary işler ministrleri sebit we halkara arenasynda käbir ikitaraplaýyn meseleleri we özara gyzyklanýan meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian ýekşenbe güni Siriýanyň Daşary işler ministri Faýsal al-Makdad bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Yslam respublikasynyň Yslam dünýäsi, esasanam Palestina meselesi we garşylyk frontuny we Siriýanyň hökümetinei we halkyny goldamak boýunça prinsipial we logiki pozisiýalaryny dowam etjekdigini nygtady.
Eýranyň Daşary işler ministri sözüniň dowamynda syýasy we propaganda basyşlary Eýranyň milletiň we hökümetiniň hormatyna, garaşsyzlygyna we ösüş ýolundan ýöremeginie we sebitdäki ýurtlaryň durnuklylygyny we howpsuzlygyny goldamakda we daşary ýurtlularyň gatyşmagyna we sionistleriň basyp alyjy režiminiň çozuşyna garşy durmakda kesgitleýji päsgelçilikleri döredip bilmez we Eýran halky bolsa duşmanlaryň dildüwşügini hüşgärlik bilen puja çykarar diýdi.
Faýsal al-Makdad hem adam hukuklaryny goldamak bahanasy bilen Sionist režiminiň we onuň tarapdarlarynyň Siriýanyň hökümetine we halkyna garşy dildüwşük gurmak we krizis döretmekdäki şowsuz tejribesine salgylanyp, Siriýadaky daşary ýurt gatyşmalaryň ajy netijelerine yşarat edip olar garaşsyz ýurtlara, şol sanda Eýran Yslam Respublikasyna garşy krizis döretmäge synanyşýarlar diýip nygtady.
Siriýa diplomatiýasynyň başlygy şeýle-de Amerika we Günbatar ösen we garaşsyz yslam ýurtlaryna ýol bermezler we Amerikanyň we onuň ýaranlarynyň Siriýa, Yrak we Owganystanda eden jenaýatlaryny her kim görendir diýdi!
Eýran Yslam Respublikasy Siriýa bilen strategiki hyzmatdaşlyga eýedir we Siriýa krizisinde Tähranyň bu ýurduň kanuny hökümetini goldamagy we dürli terrorçy toparlara garşy söweşde Assadyň hökümetine kömek etmegi munuň subutnamasydyr.
DAEŞ ýeňilenden soň, Siriýa bilen Eýranyň arasyndaky gatnaşyklar dürli bölümlerde giňeldi.