Eýranyň Medeniýet ministri: Yslam dünýäsi metbugat terrorçylygy bilen ýüzbe-ýüzdir
Eýranyň Medeniýet we Yslam dolandyryş ministri duşmanlaryň metbugaty hakykaty ýoýmak we galp habarlary ýaýratmak arkaly Yslam dünýäsinden ýalan keşbini görkezmäge synanyşýar diýdi.
IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Medeniýet we Yslam dolandyryş ministri Muhammet Mehdi Esmaili milli trt ulgamy we Türkiýäniň Anadoly habar gullugy bilen aýry-aýry söhbetdeşliklerde Yslamyň söýgi we dostluk dinidigini aýtmak bilen duşmanlar galp we ýalan habarlar bilen Yslamdan ýalan keşbini suratlandyrýarlar we musulmanlary terrorist diýip atlandyrýarlar emma Yslam dinimiz parahatçylykly ýaşaşmagyň, doganlygyň we asudalygyň dinidir diýdi.
Yslam ýurtlarynyň maglumat ministrleriniň 12-nji ýygnagyna gatnaşmak üçin Türkiýä giden Esmaili sözüniň dowamynda Stambul duşuşygy musulman ýurtlarynyň gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak we gowy hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin öňe gidiş ýol bolup biler we Yslam medeniýetiniň goralmagyna laýyklykda we beýik Pygamberimizi (saw) we maşgalasyny söýýän bitöw ymmatynyň rol oýnamagynada täsirli bolup biler diýdi.
Yslam ýurtlarynyň maglumat ministrleriniň 12-nji ýygnagy 21-nji we 22-nji oktýabrda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirildi.