Eýran we Türkiye sebit we halkara geňeşmeleriň dowam etmegini nygtaýarlar
Eýranyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary iki ýurduň resmileriniň ähli ugurlardaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we sebit we halkara meseleleri boýunça ýakyn geňeşmeleri dowam etdirmek baradaky çynlakaý islegine ünsi çekdiler.
Eýran-Türkiýe syýasy geňeşmeleriniň döwürleýin ýygnagyna gatnaşmak üçin Ankara giden Eýran Yslam Respublikasynyň Syýasy meseleler boýunça Daşary işler ministriniň orunbasary Majid Taht Rawançi, Türkiýäniň Daşary işler ministriniň orunbasary Nuh ilmylmaz bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy we sebit meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.
Pars Today-iň habaryna görä; Düýn, sişenbe güni geçirilen bu ýygnakda Majid Taht Rawançi we Nuh ilmylmaz, ikitaraplaýyn gatnaşyklardaky dürli syýasy, söwda, energiýa, medeni we konsullyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we dürli sebit meseleleri, şol sanda Palestina we Liwanda bolup geçen wakalar, Sionist režiminiň jenaýatlarynyň dowamy we bu režimiň giňeldiş syýasatlary barada pikir alyşdylar we Kawkazda, goňşy ýurtlarda we Yslam dünýäsinde iki ýurdy gyzyklandyrýan beýleki meseleler barada pikir alyşdylar we ara alyp maslahatlaşdylar.
Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary, türk kärdeşi bilen maslahatlaşmakdan başga-da, Türkiýäniň prezidentiniň milli howpsuzlyk we daşary syýasat geňeşçisi Akif Çagtaý Kylyç bilen duşuşdy we söhbetdeş boldy.