Halkara pul Gaznasynyň Ýewropanyň ykdysadyýetine betgüman garamagy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i19232-halkara_pul_gaznasynyň_Ýewropanyň_ykdysadyýetine_betgüman_garamagy
Halkara Pul Gaznasy (HPG) şu ýyl we indiki ýylda Ýewropa ýurtlarynyň ykdysady ösüşiniň gowşaklygy we Ýewropa ýurtlarynda inflýasiýanyň ýokary bolmagy sebäpli Ýewropa ykdysadyýetiniň geljegine betgümanlyk bilen garaýanlygyny yglan etdi.
(last modified 2022-10-24T05:55:13+00:00 )
Oct 24, 2022 10:55 Asia/Ashgabat
  • Halkara pul Gaznasynyň Ýewropanyň ykdysadyýetine betgüman garamagy

Halkara Pul Gaznasy (HPG) şu ýyl we indiki ýylda Ýewropa ýurtlarynyň ykdysady ösüşiniň gowşaklygy we Ýewropa ýurtlarynda inflýasiýanyň ýokary bolmagy sebäpli Ýewropa ykdysadyýetiniň geljegine betgümanlyk bilen garaýanlygyny yglan etdi.

Halkara Pul Gaznasy (HPG) 11-nji oktýabrda Waşingtonda Bütindünýä banky bilen her ýyl geçirilýän ýygnagynda Ýewropa yklymynda 2022-nji ýylda ykdysady ösüş, Türkiýäni we konflikte gatnaşýan ýurtlary hasaba almazdan, 3,2% we 2023-nji ýylda 0,6%, ýagny neşir edilen öňki çaklamalarda 0,7 we 1,1 birlik az bolar diýlip çaklanylýar diýip yglan etdi.

Bu sebit hasabatynda Halkara Pul Gaznasy ösen ýurtlarda inflýasiýanyň 6,2%, ösüp barýan Ýewropa ýurtlarynda 11,8% boljakdygyny çaklady.