Eýranyň amerikanyň 10 raýatyna we 4 guramasyna sanksiýalary
Eýran amerikanyň 10 raýatyna we 4 guramasyna sanksiýa berýär; bu bolsa Tähranyň Waşingtona garşy durmak karary we reaksiýasydyr.
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrligi Duşenbe güni agşam bir beýannamada birnäçe amerikan şahsyýetine we edarasyna sanksiýa goýlandygyny yglan edip,bu sanksiýalar sanawyna Amerikanyň 10 şahsyýetini we 4 institutyny goşdy.
Bu beýannamada ,Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrligi aşakdaky adamlary we edaralary adam hukuklaryna garşy hereket etmekde, Eýran Yslam Respublikasynyň içerki işlerine goşulmakda, Eýranda zorlugy we tolgunyşyklary öňe sürmekde, terrorçylyk hereketlerini öjükdirmekde we höweslendirmekde, we Eýran Yslam Respublikasynyň terrorçylyga garşy durmakda alyp barýan işlerine päsgelçilki döretmekde we ahyrky netijede ykdysady terrorçylygyň mysaly bolan Eýran halkyna edilýän basyşy artdyrmakda aýyplap sanksiýalara sezewar edilýär diýilýr.
Sanksiýa berlen adamlaryň sanawynda; ABŞ-nyň sebitleýyn harby serkerdeliginiň (CENTCOM)yň serkerdesi Maýkl Korilla, CENTCOM-yň serkerdesiniň orunbasary Gregori Guillot, Yragyň Erbil şäherindäki ABŞ howa bazasynyň serkerdesi Skott Desormics, Demokratiýa gaznasynyň we Amerikan institutynyň Maliýe we ykdysady güýç merkeziniň müdiri Huan Zarate we ýene-de bir näçe adam we gurama bardyr.
Eýranyň bu amerikan resmilerine we edaralaryna sanksiýa bermekdäki çäresi, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Eýranyň içerki işlerine gönüden-göni gatyşmagyna we Eýran halkyna garşy sanksiýalaryň girizilmegine, şeýle hem Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň sanksiýa çemeleşmesine jogap bermeklige gönükdirilendir. Eýran Yslam Respublikasyndaky bidüzgünçiliklerden soň Amerikanyň Birleşen Ştatlary birnäçe gezek interwensiýa beýannamalaryny we sanksiýalary yglan etdi, eýranly şahslara we edaralara sanksiýa berdi.
Amerika, Günbatar blogynyň lideri hökmünde diňe bulam-bujarlyk çemeleşmesine eýermedi, Trump döwründen bäri Eýrana ykdysady basyş ulanyp, sosial tolgunyşyklary güýçlendirýän Trump döwründen bäri iň ýokary basyş kampaniýasy görnüşinde her dürli sanksiýalary ulanypdy. Eýranda benziniň bahasynyň ýokarlanmagyny bahana edip ýa-da prezident saýlawlaryň netijelerine garşy protest bahanasy bilen bidüzgünçilikleri döretmegiň ýzynda boldylar . Mahsa Amini atly bir kürt giziň ölümi bahanasy bilen Eýranda bolup geçen soňky bidüzgünçilikler Waşingtonyň Eýranyň içerki işlerine goşulmak we has köp bidüzgünçiliklere sebäp bolmak üçin pursatdan peýdalanmagyna sebäp boldy. Amerikanyň Birleşen Ştatlary wirtual giňişlige we internete garşy sanksiýalaryň ýatyrylmagy, şeýle hem dahylçylykly pozisiýalary barada wadalar berip, bu bidüzgünçilikleri güýçlendirmäge synanyşdy. Geň galdyryjy zat, Eýrana kyrk ýyldan gowrak wagt bäri hüjüm edip gelýän ABŞ, sanksiýalary girizdi we iň ýokary basyş kampaniýasynyň bir bölegi hökmünde Trump döwründen bäri eýran halkyna garşy iň agyr we rehimsiz sanksiýalary amala aşyrdy.
Indi, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna garşy çäre görmek bilen, Eýran diňe bir Waşingtonyň haýbatlaryndan we garşylykly hereketlerinden gorkulmaýandygyny, göreldeli başlangyç bilen bu çärä gönüden-göni gatnaşýan Amerikan işgärlerine we edaralaryna sanksiýa berendigini görkezdi.