Rewolýusiýanyň ýokary derejeli lideriniň, ýurduň soňky bidüzgünçiliklerinde Amerikanyň roluna ünsi çekmekleri
Eýranyň Rewolýusiýanyň ýokary derejeli lideri Hezretleri Aýatolla Hameneýi, ýurduň soňky bidüzgünçiliklerinde Amerikanyň roluna ünsi çekmekdiler.
Eýranda global tekepbirlige garşy göreş güni,13-nji Abanyň öň sirasynda ýüzlerçe okuwçynyň joşgunly ýygnagynda,Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri 13-nji Abany Amerikanyň erbetlikleriniň we onuň gowşaklygynyň we ýeňilmeginiň mümkinçiliginiň beýany bildi.
13-nji Aban, Eýranyň taryhynda üç möhüm wakanyň ýyl dönümidir. Ymam Homeýniniň (RA)yň hejri şämsi seneden 1343-nji ýylyň 13-nji Abanda Türkiýä sürgün edilmegi, 1357-nji ýylyň 13-nji Abanda Tähranyň ýokary okuw jaýynyň öňünde okuwçylaryň öldürilmegi we 1358-nji ýylyň 13-nji Abanda Amerikan ilçihanasynyň ele alynmagy üç dürli waka bolup, olaryň her biri Yslam Rewolýusiýasynyň hereketini kemala getirmekde aýratyn rol oýnandyr; Üç wakanyň hemmesiniň şahsyýeti, ulumsylyga we onuň wekillerine garşy göreş we şonuň üçin bu gün Eýranda"ulumsylyga garşy Milli göreş güni" diýilýär.
Hezretleri Aýatolla Hameneýi Abanyň 13-sini taryhy we bilim beriji güni atlandyryp , Ymam Homeýni (RA)-iniň sürgün edilmegi, Tähran ýokary okuw jaýynyň öňünde birnäçe okuwçynyň öldürilmegi şeýle-de 1358-njy ýylyň 1-nji Abanyndaky Amerikan ilçihanasyna talyplaryň hüjümi barada gürrüň berdiler. Ol Hezretleri sözleriniň dowamynda Amerikalylar we Amerikalylara baglanşyklar bu möhüm güne we onuň duýgudaş getiriji we birleşdiriji ýygnanyşyklaryna gaharlanýarlar we tgorkýarlar, sebäbi bu gün Amerikanyň erbetlikleriniň beýany, Amerikanyň gowşaklygynyň subutnamasy we ýeňilmek mümkinçiliginiň subutnamasydyr diýdiler.
Ymam Homeýni (RA)-iniň sürgün edilmeginiň taryhyna seredenimizde, bu sürgüniň Ymam(RA)-yň "kapitulýasiýa" garşy çykyşy we aslynda ulumsylyga we kolonializme garşy göreşiň çeşmesi bolupdy diýip Rewolýusiýanyň ýokary derejeli lideri aýtdylar.
Amerikanyň Eýrandaky içalyçylyk höwürtgesi ABŞ-a gizlin maglumatlaryň berlen ýeri bolupdy. Bu ýeri ele alandan soň käbir resminamalar Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ilkibaşdan Eýrana garşy dildüwşük gurandygyny we eýranlylaryň yslam ynkylabynyň ýeňşine garşydygyny görkezýär.
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri öz beýanatynyň başga bir böleginde soňky birnäçe hepdäniň içinde Eýranda bolup geçen bidüzgünçiliklerde aç-açan ABŞ-iň roluna ünsi çekip, ýurduň Razwedka ministrligi bilen Sepahyň aňtaw guramasynyň bilelikde yglan etmegi bidüzgünçiliklerde Amerikalylaryň rollaryny görkezýär diýdiler.