Nov 08, 2022 17:09 Asia/Ashgabat
  • Galibaf Eýranda täze DAEŞ-yň döredilmegi bilen berk garşylaşmalydygyny nygtady

Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň başlygy, soňky bidüzgünçiliklerde ýaralanan polisiýa işgärlerini keselhanada ýakyndan görende, Eýranda täze DAEŞ-yň döredilmegi bilen berk garşylaşmalydygyny nygtady.

Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň başlygy "Muhammet Bagir Galibaf" duşenbe güni agşam Tähranyň Waliasr polisiýa keselhanasynda ýaralanan birnäçe polisiýa işgärini baryp görende ýagdaýlarynda habar alyp olara teselli berdi.

Galibaf polisiýanyň ýurduň howpsuzlygyny üpjün etmekde we howpsuzlyk meselesinde möhüm rol oýnaýandygyna yşarat edip käbiri protestlerden hyýanatçylykly peýdalanmak bilen we bu protestleri zorluga öwürmek bilen jemgyýetçilik emlägine we adamlaryň emlägine zeper ýetirdi we adam öldürdi we talaňçylyk etdi diýdi.

Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň başlygy şeýle-de duşmanyň protestleri bidüzgünçiliklere we jenaýatlara öwürmek we täze DAEŞy döretmek isleýändigi has aýdyň bolansoň, Eýran halky bigünä adamlaryň janyny we emlägini bozýanlara we DAEŞ ýaly jenaýat filmlerini buýsanç bilen çap edilýäre garşy berk çäre görmek isleýärler diýdi.

"Mahsa Amini" ölümi bahanasy bilen Eýranda soňky bidüzgünçilikleriň peýda bolmagy Eýran Yslam Respublikasynyň daşary ýurtly duşmanlarynyň muny Eýranyň içerki işlerine goşulmak we mümkin boldugyça tolgunyşyklara sebäp bolmak üçin ulanmagyna sebäp boldy.

Soňky bidüzgünçiliklerde Amerikanyň we käbir Ýewropanyň syýasy liderleri, olaryň habar beriş serişdeleri, şeýle hem Günbatar tarapyndan goldanýan Pars metbugaty, bu ajy wakadan ters peýdalanyp ýurduň howpsuzlygyny bozýanlary we bidüzgünçilikleri goldamak üçin bar tagallalaryny edendirler; ýöne şol bir wagtyň özünde, millionlarça eýranly ýurduň köçelerinde we meýdançalarynda düzgüni we ýurdy goldamak üçin peýda boldylar we bulam-bujarlyga berk garşy çykdylar.

Tags