Eýrandaky bulam-bujarlyk taslamasynyň şowsuzlygy
Eýranda bolup geçen soňky bidüzgünçiliklerde söweş otagyna öwrülen daşary ýurt habar beriş serişdeleri maksadyna ýetip bilmediler we biri-birine aýplamalry ýapdylar.
Sentýabr aýynyň ahyryndan bäri Eýranyň dürli sebitlerinde bidüzgünçilikler boldy we ilkinji günlerde käbir bidüzgünçilikleri ýaýratmakda käbir adaty we häzirki zaman habar beriş serişdeleriniň roly äşgär boldy. BBC Farsi we Iran International, Londonda ýerleşýän iki sany pars dilindäki metbugat bolup, protestleri Eýrandaky bidüzgünçiliklere öwürmekde we bidüzgünçilikleri güýçlendirmekde möhüm rol oýnadylar. Aslynda, BBC Farsi we Iran International, bidüzgünçilikleriň aňyrsynda durup, ony ýaýratmagyň ugrunda hereket edýen iki metbugatdyr.
Bu habar beriş serişdeleriniň Eýranyň içerki ösüşi bilen baglanyşykly ulanan strategiýalarynyň biri, Eýrandaky protestleri ýigrenje öwürmek we içerki bidüzgünçilikleri liderlik etmek we giňeltmekdir, hatda adam öldürmek kakda yzygiderli ýalan ssenariýalar döredildi. 46 günüň içinde (23-nji sentýabrdan 9-njy noýabr aralygynda) bu habar beriş serişdeleri Eýranda bolup geçen wakalar barada jemi 38,000-den gowrak ýalan gepleşigi we habary çap etdiler.
Eýrana garşy söweş otagyna öwrülen bu metbugat, BBC habarçysynyň audio faýly açylansoň, indi dawa başlady. BBC-yň habarçysy Rana Rahimpour ýaňy-ýakynda aýan eden ses faýlynda Eýranyň bölünmeginiň maksat edilendigini aýtýar. Rana Rahimpour başga bir faýlda Iran International tele ýaýlymynyň diňe Eýranyň separatistik partiýalarynyň ýolbaşçylary bilen söhbetdeşlik geçirýändigini mälim etdi. Bu ses faýlyň çap edilmegi we BBC habarçysynyň bu sözleri, Iran International-yň reaksiýasyna sebäp boldy.
Saud Arabystanynyň maliýe goldawyndan paýly bolýan Iran International, Rana Rahimpouryň aýdanlaryna gaharlandy we BBC-ä garşy çykyş edip, BBC-iň Iňlis halkynyň salgytlary bilen dolandyrylýandygyny ýatlatdy. Şeýle hem “Iran International”, Rana Rahimpury BBC-de Eýranyň syýasatyny öňe sürýän, täsirli adam hökmünde kesgitlemäge synanyşdy. Aslynda Eýran Yslam Respublikasynyň aňtaw we howpsuzlyk edaralary bidüzgünçilikler ýaýrandan soň Eýrandaky bidüzgünçilikler üçin döredilen ssenariýany tiz wagtdan düşündiler we duşmanlaryň Eýrany bölmek synanyşygy barada duýduryş berdiler.