Aragçi: Eýran terrorizme garşy göreşmek maksady bilen Siriýada bolýandyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i1951-aragçi_eýran_terrorizme_garşy_göreşmek_maksady_bilen_siriýada_bolýandyr
Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça orunbasary Eýranyň terrorizme garşy göreşmek we Yrakda we Siriýada harby geňeşleri bbermek maksady bilen huzurly bolmagy terrorçylaryň sebite şol sanda Liwana musallat bolmaklarynyň öňüne geçendir diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Feb 22, 2018 15:12 Asia/Ashgabat
  • Aragçi: Eýran terrorizme garşy göreşmek maksady bilen Siriýada bolýandyr

Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça orunbasary Eýranyň terrorizme garşy göreşmek we Yrakda we Siriýada harby geňeşleri bbermek maksady bilen huzurly bolmagy terrorçylaryň sebite şol sanda Liwana musallat bolmaklarynyň öňüne geçendir diýdi.

Fars habarlar gullugynyň beren habaryna görä şu gün Abbas Aragçi Britaniýanyň BBC  tele kanaly bilen geçiren söhbetdeşliginde Siriýanyň ýagdaýyny çylşyrymly hasaplap sebitde uly urşyň ýüze çykmagy baradaky howatyrlanmalaryň gün saýyn artyp duranlygyny nygtady.

ol şeýle-de Siriýanyň dartgynlylygynyň harby çäresiniň ýoklygyna yşarat edip Eýranyň Siriýadaky çaknyşyklary azaltmak ugurda Orsýetdir Türkiýäniň hyzmatdaşlyklary bilen tagalla edýänligini aýtdy.

Aragçi şeýle-de Siriýanyň milli häkimiýetiniň we toprak bitewiginiň ähli ýurtlar tarapyndan ykrar edilmegini hemde bu ýurduň dartgynlylygynyň Siriýaly taraplaryň arasynda syýasy ýollardan çözülmegini umyt etdi.