Harby deňiz güýçleriniň serkerdesi: Eýranyň deňiz floty deňizleriň çuňlugynda gije-gündiz huzurlydyr
Eýran Yslam Respublikasynyň Harby-deňiz güýçleriniň serkerdesi Eýran goşunynyň strategiki deňiz floty ähli okean sebitlerine çenli ýaýrady we ýurduň ykdysady arteriýasy bolan söwda gämilerini we nebit tankerlerini skort etmek wezipesini ýerine ýetirýär diýdi.
ISNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Harby-deňiz güýçleriniň serkerdesi admiral Şahram Eýrani Tähranyň juma namazynyň öňüsyrasynda eden çykyşynda sözüniň dowamynda içerki mümkinçiliklerden peýdalanmak we ygtyýaryndaky iň soňky üstünlikleri we enjamlary we sekiz ýyllyk mukaddes goranyş tejribesini ulanmak bilen Harby deňiz güýçleri, Gije-gündiziň dowamynda deňizleriň çuňlugynda hemişelik bar we öz wezipesini ýerine ýetirýär diýdi.
Admiral Eýrani şeýle-de Eýran Yslam Respublikasynyň iki deňiz topary häzirki wagtda söwda gämilerini we nebit tankerlerini ýurduň suw serhedinden müňlerçe kilometr uzaklykda, demirgazyk Hindi ummanynda we Gyzyl deňzinde, Eýranyň duşmanlarynyň golaýynda duşman dildüwşük gurmaz ýaly we Eýran halkynyň bähbitlerine we baýlyklaryna garşy pitne döretmez ýaly skort edýändirler diýdi.