Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Eutelsatyň Press TW-ni aýyrmagyna bolan reaksiýasy
(last modified Thu, 08 Dec 2022 09:42:17 GMT )
Dec 08, 2022 14:42 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Eutelsatyň Press TW-ni aýyrmagyna bolan reaksiýasy

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ýewropada Eýrana garşy zorlugy we terrorçylygy wagyz edýän köp sanly kanal bar bolsa-da, Eutelsat hemrasy EUB sanksiýalary sebäpli Press TW-ni sanawdan aýyrdy diýip nygtady.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Naser Kanani Çafi" penşenbe güni irden twitterde şeýle ýazdy: Press TW teleýaýlymyna garşy täze çäre, söz azatlygyny we erkin maglumat akymyny talap edýänleriň hakyky ýüzüni görkezýär diýdi.

Fransuz emeli hemra kompaniýasy “Eutelsat” Ýewropa Bileleşiginiň iňlis dilindäki metbugat kanaly “Press TW” -e garşy sanksiýalary girizeninden birnäçe hepde soň tory kesdi.

Ýewropa Bileleşigi ýakynda demokratiýany goldamak bahanasy bilen Eýranly şahsyýetler we guramalar bilen bilelikde Press TW-ä sanksiýa berdi.

Soňky ýyllarda Iňlis dilindäki habarlar kanaly “Press TW” hemra hyzmatlaryny üpjün edijileriň ýalan bahanalary bilen ençeme gezek basyşyna sezewar boldy.

Utelsat kompaniýasynyň Press TW programmalaryny aýyrmakdaky işi halkara düzgünlerine we metbugat azatlygyna ters gelýär.

Şol bir wagtyň özünde, geçen hepde ABŞ hökümeti Eýran Yslam Respublikasynyň tele-radio Guramasynyň başlygyny we bu guramanyň käbir wekillerini, şol sanda daşary ýurtly orunbasarlary sanksiýalar sanawyna goşdy.