Zarif:Aziýanyň günbatarynda we ondan daşarda DAEŞ ideýasynyň barlygy bir hakykatdyr
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif terrorçy DAEŞ toparynyň ideýasynyň we maliýa çeşmeleriniň köki guran däldir we DAEŞ-yň barlygy henizem Aziýanyň günbatarynda we htta ondan daşarda bir hakykatdyr diýip nygtady.
şu gün Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Tehranda DAEŞ-den soňra sebitleýin düzgüniň nusgalary adyndaky ýygnakda eden çykyşynda Aziýanyň günbatarynda DAEŞ-yň ideýasynyň galmagynyň iň möhüm delili kesekileriniň sebitiň içeri işlerine gatyşmagydyr diýip beýan etdi.
Muhammet Jawad Zarif DAEŞ topary Amerikanyň Yraga eden hüjüminiň hemde milli döwleti gurmakda Arap düýäsiniň başarnyksyzlygynyň netijesi hasaplap sebitiň käbir ýurtlary şol sanda Saud Arabystan içeriki kynçylyklaryny daşary ýurtlara çekendirler diýip sözüne goşdy.
Eýranyň daşary işler ministri sözüniň dowamynda DAEŞ-yň ideýalaryny sebit we bütindünýä üçin uly wehim hasaplap DAEŞ-yň heläk bolmadyk agzalarynyň bir toparynyň sebit ýurtlaryna şol sanda Owganystana we dünýä ýaýrap barýanlygyny aýtdy.
Zarif şeýle-de ekstremizme we DAEŞ-e garşy göreşmek ugurda sebit ýurtlarynyň arkalaşmaklaryny we özaralarynda gepleşik geçirmeklerini zerur hasaplady.