Aýatolla Hatami: Üç ada Eýranyň aýrylmaz we baky bölegidir
Tähranyň juma namazynyň ymamy Aýatolla Seýid Ahmad Hatami üç ada Yslam Eýranyň aýrylmaz we ebedi bölegidir, we ýurdumyzyň bitewiligi barada hiç kimiň öňünde ýüze galmarys we bu meselede berk amal ederis diýip beýan etdi.
Tähranyň juma namazynyň ymamy Aýatolla Seýid Ahmad Hatami, Hytaýyň Prezidentiniň Saud Arabystanyna eden soňky saparyna we Eýranyň üç adasy barada nädogry sözlerine salgylanyp, Eýranyň çynlakaý islegi, Hytaýyň prezidentiniň aýdan pozisiýalarynyň öwezini dolmakdyr; Eýranyň territorial bitewiligi meselesinde hiç kim bilen gapma-garşylygymyz ýok we aýgytly çemeleşeris diýdi.
Tähranyň juma namazynyň ymamy şeýle-de Amerikanyň Eýranyň Birleşen Milletler Guramasynyň Aýallar Geňeşine agzalygyny ýatyrmak baradaky tagallalaryna salgylanyp: Bu hem Amerikanyň başga bir erbet hereketleriniň biri we Adamlaryň Amerikany ýigrenmegiň sebääpleriniň biridir diýdi.
Aýatolla Hatami sözüniň dowamynda Yslam Eýran aýal-gyzlara iň ýokary baha berdi; Hakyky erkinlik şu ýerde we yslam ulgamyndadyr we Amerikanyň sizi iterýän zady gulçulykdyr, Amerika kimligi näbelli bolan gul aýaly isleýär; Diňe yslam ulgamynda aýallaryň durmuşy abraýly durmuşydyr, Olaryň şygary özüne çekiji we aýdyňdyr olar ahlaksyzlyk azatlygyny isleýärler diýdi.
Tähranyň juma namazynyň ymamy şeýle-de Ýewropa Bileleşiginiň gara dosiýasy barada hem agzap Ýewropa Bileleşigi azyndan on ýyl bäri Amerikanyň koloniýasy ýaly hereket edýär we Amerikanyň aýdanlaryny edýärler; we adam hukuklarynyň bozulmagynda birinji orunda durýanlar aýallary we çagalary öldürýän sionist režimi yzygiderli goldaýalar diýdi.