Amir Abdollahian: Fransiýanyň Eýranyň içerki işlerine gatyşmagy kabul ederliksiz
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i19826-amir_abdollahian_fransiýanyň_eýranyň_içerki_işlerine_gatyşmagy_kabul_ederliksiz
Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahian, Fransiýanyň Daşary işler ministri Katrin Kolonna bilen bolan duşuşygynda Fransiýanyň Eýranyň içerki işlerine gatyşmagyny tankyt etdi.
(last modified 2022-12-21T02:48:28+00:00 )
Dec 21, 2022 07:48 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdollahian: Fransiýanyň Eýranyň içerki işlerine gatyşmagy kabul ederliksiz

Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahian, Fransiýanyň Daşary işler ministri Katrin Kolonna bilen bolan duşuşygynda Fransiýanyň Eýranyň içerki işlerine gatyşmagyny tankyt etdi.

IRNA-nyň çarşenbe güni irden beren habaryna görä, Amir Abdollahian Bagdat 2 konferensiýasynyň çäginde Fransiýanyň Daşary işler ministri bilen duşuşygy barada twit ýazyp, "Bu duşuşykda bu ýurduň Eýranyň içerki işlerine gatyşmagyny tankyt edip ony kabul ederliksiz hasaplandygyny  nygtady".

Eýranyň Daşary işler ministri twitde Yewropa Bileleşiginiň ýokary wekili we daşary syýasatyna jogapkär Josep Borrell bilen duşuşygy barada habar berdi we duşuşygy aç-açan, dostlukly we döredijilikli diýip häsiýetlendirdi.