Tähranyň, Fransiýanyň Eýranyň parahatçylykly ýadro programmasy baradaky esassyz talaplaryna beren jogaby
Eýranyň BMG-däki ilçisi we hemişelik wekili Amir Said Irawani Howpsuzlyk Geňeşiniň häzirki prezidentine we Baş sekretary Antonio Guterrese ýazan hatynda Fransiýanyň Daşary işler ministriniň Eýranyň ýadro ýaragyny öndürmek howpy astyndadygyny öňe sürmegi düýbünden esassyz we syýasy taýdan jogapkärçiliksizdir sebäbi Eýran Yslam Respublikasy hiç haçan ýadro ýaragyny edinmedi we goranyş doktrinasyny üýtgetmedi diýip ýazdy.
Irwani şeýle-de eger Fransiýa we onuň hyzmatdaşlary hakykatdanam diplomatik çözgüt gözleýän bolsalar, haýbat atmagy bes etmelidigini we halkara hukugyna laýyklykda ýurtlaryň özygtyýarly hukuklaryna hormat goýmalydygyny aýtdy.
Sişenbe güni, 29-njy aprelde Fransiýanyň Daşary işler ministri Žan-Noel Barrow Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň ýadro ýaragynyň ýaýramazlygy baradaky ýapyk mejlisiniň çäginde Eýranyň ýadro programmasyna garşy aýyplama bildirdi.
Ol Eýranyň ýadro programmasynyň harby çözgüdiniň ýokdugyny aýtmak bilen, Eýranyň "kabul eden ähli borçnamalaryny bozandygyny" we "ýadro ýaragyny edinmegiň bosagasynda" dygyny aýtdy.