Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi Siriýanyň tebigy baýlyklarynyň ogurlanmagyny ýazgardy
Eýranyň BMG-däki ilçisi we hemişelik wekili Siriýanyň halkynyň tebigy baýlyklarynyň, esasanam daşary ýurt güýçleriniň basyp alan ýerlerinde nebit önümleriniň ogurlanmagyny ýazgarmak bilen terrorçylyga garşy söweş Siriýanyň milli özygtyýarlylygyny we territorial bitewiligini gowşatmak üçin bahana hökmünde ulanylmaly däldir diýdi.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili "Amir Said Irwani" Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde Siriýa barada eden çykyşynda basyp alyşy bes etmek we Siriýanyň milli özygtyýarlylygyna we territorial bitewiligine bolan hormaty doly dikeltmek Siriýa krizisiniň islendik syýasy çözgüdi üçin zerur şertdir diýip beýan etdi.
Irwani şeýly-de Siriýanyň demirgazygyndaky parahatçylyga we howpsuzlyga diňe bu ýurduň milli özygtyýarlylygyna we territorial bitewiligine doly goldaw we hormat bilen ýetip boljakdygyny aýtmak bilen Siriýanyň demirgazygyndaky islendik harby hereket ynsanperwerlik ýagdaýyny hasam erbetleşdirer diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasyndaky uly diplomaty terrorçylygyň Siriýa we tutuş sebit üçin henizem çynlakaý howp bolup durýandygyna yşarat edip terrorçylyk üçin amatly şertleri döreden Siriýanyň käbir ýerlerinde daşary ýurt güýçleriniň bikanun bolmagy derrew gutarmalydyr diýdi.
Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi, bu guramanyň baş sekretaryň Siriýadaky gumanitar ýagdaý baradaky täze hasabatyna salgylanyp bu hasabat, Siriýanyň Kowid-19 epidemiýasy we ganly içgeçmäniň tutuş ýurtda ýaýramagy bilen baglanyşykly dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny nygtaýar diýdi.
Irwani, Günbataryň Siriýa garşy bir taraplaýyn sanksiýalary barada hem gürrüň gozgap birtaraplaýyn zorlukly çäreler Siriýadaky häzirki agyr ýagdaýyň esasy sebäplerinden biri bolup, Siriýadaky gumanitar ýagdaýy agyrlaşdyrdy diýip nygtap geçdi.