Kataryň daşary işler ministriniň orunbasary Eýranyň daşary işler ministri bilen duşuşdy
Kataryň Daşary işler ministriniň sebit meseleleri boýunça orunbasary Eýranyň Daşary işler ministri bilen duşuşyp, iki ýurdy gyzyklandyrýan meseleler barada pikir alyşdy.
ISNA habar gullugynyň habaryna görä, duşenbe güni Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian Kataryň Daşary işler ministriniň sebit meseleleri boýunça orunbasary Muhammet bin Abdulaziz Al-Halifi bilen duşuşyp, dürli syýasy, ykdysady we konsullyk ugurlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklara gowy baha bermek bilen, öňki ýygnaklarda iki ýurduň prezidentleriniň şertnamalarynyň ýerine ýetirilmegini nygtady.
Kataryň Daşary işler ministriniň sebit meseleleri boýunça orunbasary Kataryň Daşary işler ministriniň Eýranyň Daşary işler ministrine ýüzlenmesini gowşurmak bilen Katar hökümetiniň hyzmatdaşlygy giňeltmäge we ösdürmäge taýýardygyny mälim etdi.
Katar Eýranyň daşary syýasatynda esasy we ileri tutulýan ýurtlaryň biri bolup, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhyna ser edňde Tähran-Doha gatnaşyklarynyň hemişe çuň we ösýändigini görkezýär.