Kanani Çafi: Amerikanyň we Ýewropanyň nukdaýnazaryndan sionist režimiň jenaýatlary goldawa mynasypdyr!
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we Ýewropanyň nukdaýnazaryndan sionist režimiň jenaýatlary diňe bir adam hukuklarynyň bozulmagy däl, eýsem goldawa-da mynasypdyr!
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Naser Kanani Çafi çarşenbe güni twitter sargydynda ABŞ we Ýewropanyň nukdaýnazaryndan sionist režimiň aýal-gyzlara we çagalara garşy eden jenaýatlary diňe bir adam hukuklarynyň bozulmagy däl-de, eýsem goldawa hem mynasypdyr diýip ýazdy!
Kanani Çafi palestinaly bir resminiň sözlerine salgylanyp: "2022-nji ýylda sionist režim iki ýüz ýigrimi palestinalyny öldürdi, 9000 adamy ýaralady, 6500 adamy tussag etdi, 832 binany ýykdy we 13,000 zeýtun agajyny ýok etdi" -diýdi.
Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrligi çarşenbe güni hasabatynda şu ýylyň başyndan bäri (2022) Ysraýyl güýçleri iki ýüz ýigrimi palestinalyny şehit etdiler diýip yglan etdi.