Jan 15, 2023 19:13 Asia/Ashgabat
  • Amani: Liwanyň pozisiýasy Eýran üçin möhümdir

Eýranyň Liwandaky ilçisi Eýranyň Daşary işler ministriniň Liwana eden saparynyň ähmiýetine ünsi çekip, Liwanyň pozisiýasy Eýran üçin aýratyn möhümdir diýdi.

Geçen penşenbe güni Liwanly kärdeşiniň çakylygy bilen Beýrutda baran Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri "Huseýin Amir Abdollahian" anna güni Liwan resmileri şol sanda premýer-ministr, Daşary işler ministri, we Mejlisiň başlygy we Hizbullanyň Baş sekretary bilen duşuşdy we söhbetdeş boldy.

Liwandan soň Amir Abdollahian Damaska ​​gitdi we Siriýa resmileri bilen duşuşdy.

Eýranyň Liwandaky ilçisi "Mojtaba Amani", EýranPress habar gullugyna beren interwýusynda: Daşary işler ministriniň sapary Eýran bilen Liwanyň arasyndaky geňeşmeleriň çäginde bolandyr diýdi.

Eýranyň Liwandaky ilçisi Amir Abdollahýanyň Liwanyň Daşary işler ministri, premýer-ministr we mejlisiniň başlygy bilen geçiren duşuşyklaryna salgylanyp, bu ýygnaklarda sebitdäki özgerişler we sebit üçin möhüm bolan garşylyk oky barada möhüm gürrüňler geçirildi diýdi.

Tags