Rewolýusiýanyň lideriniň birnäçe Ýewropa ýurtlarynda Gurhany kemsitmek baradaky pozisiýasy
(last modified Thu, 26 Jan 2023 06:12:07 GMT )
Jan 26, 2023 11:12 Asia/Ashgabat
  • Rewolýusiýanyň lideriniň birnäçe Ýewropa ýurtlarynda Gurhany kemsitmek baradaky pozisiýasy

Birnäçe Ýewropa ýurtlarynda Gurhany kerimiň kemsidilmegine jogap edip, ynkylap lideri söz azatlygy şygary bilen Gurhana bolan dälilerçe kemsidilmegi tekepbir hüjümleriň nyşanynyň Yslam we Gurhan ýörelgesidigini görkezýär diýip beýan etdiler.

Ynkylabyň ýokary lideri ulumsylyk dildüwşügine garamazdan Gurhanyň günsaýyn meşhur bolýandygyny we geljegiň yslama degişlidigini aýtdylar.

Dünýäni azatlyk gözleýänleriň hemmesi mukaddeslikleri kemsitmek we ýigrenji ýaýratmak baradaky hapa syýasata garşy musulmanlar bilen bir hatarda durmalydyrlar diiýp mertebesi belent ýolbaşçy nygtap geçdiler.

Geçen şenbe güni, Daniýanyň sagçy "Hardline" partiýasynyň başlygy Rasmus Paludan polisiýanyň berk howpsuzlyk çäreleriň astynda Stokgolmdaky Türkiýäniň ilçihanasynyň ýanynda Gurhanyň bir nusgasyny ýakdy.

Paludanyň bu hereketi musulmanlar we yslam ýurtlary tarapyndan berk ýazgaryldy we Şwesiýanyň hökümeti hem bu hereketiň öňüni almaýandygy üçin tankyt edildi.

 

Tags