Galibaf ýer titremesi sebäpli Türk we Siriýa parlamentleriniň başlyklaryna gynanç bildirdi
Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň başlygy, Türkiýede we Siriýada bolup geçen ýer titremesi sebäpli bu iki ýurduň köp sanly raýatynyň ölümi we ýaralanmagy üçin Türkiýe we Siriýa Parlamentleriniň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi.
Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň başlygy Muhammet Bager Galibaf Türkiýede bolup geçen aýylganç ýer titremesinden soň Türkiýäniň Milli mejlisiniň başlygy Mustafa Şentopa iberen ýüzlenmesinde bu ýurduň hökümetine we halkyna duýgudaşlyk bildirmek bilen Eýranyö mejlisiniň dosty we dogan ýurdy bolýan Türkiýäniň milletine we hökümetine zerur goldawy bermäge doly taýýardygyny mälim etdi.
Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň başlygy şeýle-de Siriýanyň mejlisiniň başlygy Hammouda Sabbaga iberen ýüzlenmesinde Siriýanyň demirgazygyndaky ýer titremesi we bu ýerdäki köp sanly adamyň ölümi we ýaralanmagy baradaky gynandyryjy habardan çuňňur tolgunandygyny we gynanandygyny beýan edip Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň Siriýanyň dost we dogan ýurdy bolan halkyna we hökümetine zerur goldawy bermäge doly taýýardygyny mälim etdi.