Prezident Raisiniň Pekine sapary Eýran bilen Hytaýyň arasyndaky dostlugy berkider
(last modified Mon, 13 Feb 2023 05:50:10 GMT )
Feb 13, 2023 10:50 Asia/Ashgabat
  • Prezident Raisiniň Pekine sapary Eýran bilen Hytaýyň arasyndaky dostlugy berkider

Hytaýyň "Global Times" gazeti Eýranyň Prezidentiniň Hytaýa edýän saparynyň dürli taraplaryna garap ýazan makalasynda "Bu sapar, Eýran bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmak bilen iki tarapyň arasynda köpden bäri dowam edip gelýän dostlugy güýçlendirýär" diýip ýazdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi, hytaýly kärdeşi Si Szinpiniň resmi çakylygy boýunça ertir sişenbe-den penşenbä çenli Pekin-de bolar.

Syýasy synçylaryň pikiriçe, Raisiniň Pekine sapary Eýran bilen Hytaýyň arasyndaky giňişleýin strategiki hyzmatdaşlygy durmuşa geçirer we Raisi hökümetiniň "Gündogara seret" syýasatyny öňe sürmek kararyny görkezer.

 

Tags