Feb 22, 2023 20:21 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdollahian: Eýran ýadro gepleşiklerini tamamlamaga taýyn

Eýranyň Daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasy diplomatiýa ýolyndaky gepleşikleri garşy alýar we gowy, güýçli we durnukly ylalaşyk gazanmak üçin gepleşikleri tamamlamaga taýyn diýdi.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian çarşenbe güni Bagdatda Yragyň Daşary işler ministri Fuwad Huseýin bilen bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda Yrak hökümetiniň Eýrana garşy edilýän zulumly sanksiýalaryny ýatyrmak üçin, Wena gepleşikleri we ýadro gepleşikleriniň jemleýji netijesi ugurynda oňyn we konstruktiw çäreleri görendigi hiç kime gizlin däldir diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministri Eýranyň hiç haçan ýadro ýaragyny we atom bombasyny edinmäge synanyşmandygyny we bu meselede Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysynyň fatwasynyň bardygyny aýtmak bilen Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň baş müdiri Rafael Grossiň ýakyn günlerde Tährana gelip, Eýran bilen tehniki nukdaýnazardan we syýasy tolgunmalardan uzakda bolmagyny umyt edýäris diýdi.

Eýranyň daşary syýasat bölüminiň başlygy çykyşynyň başga bir böleginde, Eýran, Yrak hökümetine we halkyna bu ýurduň mejlisiniň daşary ýurt goşunlarynyň Yrakdan (zerur) çykarylmagy baradaky kararynyň durmuşa geçirmegini goldaýar diýip nygtady.

Yraga sapar eden Eýranyň Daşary işler ministri bu ýurduň premýer-ministri we prezident bilen hem duşuşdy.

Tags