Mar 02, 2018 16:59 Asia/Ashgabat
  • Aýatolla Hatami: Eýranyň goranyş kuwwatlylygynyň üstünde gepleşik geçirilmez

Tehraniň wagtlaýyn juma ymamy Aýatolla Ahmad hatami öňüni alyş çäreler esasynda Eýran, goranyş başarjaňlyklaryny pugtalandyrmak şol sanda raketalaryny ösdürmek ugurdaky hereketlerini dowam etdirjekdir we bu mesele hakynda hiç haçan gepleşik geçirilmez diýdi.

Aýatolla hatami Tehraniň juma namazynyň hutbalarynda beren gürrüňlerinde goranyş kuwwatlylygyny ösdürmek baradaky Eýranyň resmileriniň täzelikde aýdan gürrüňlerine minnetdarlygyny bildirip şu ugurda Eýran hiç  kimden rugsat almaz we öňüni alyş çärelerini pugtalandyrmak ugurda tagalla etjekdir diýip yglan etdi.

Tehraniň wagtlaýyn juma ymamy sözüniň dowamynda Arabystanyň ýemende amala aşyrýan jenaýatlaryna yşarat edip ýemen ýazyksyz ynsanlaryň gyrana berilýän ýurdydyr diýdi.

Tehraniň wagtlaýyn juma ymamy Aýatolla Ahmad hatami bahreýn ýurdyny hem dünýäniň iň  uly syýasy türmesi hasaplap her günde bu ýurddyň ýaşlarynyň ölümine we uzak möhletli türme tussaklygyna höküm edilýändir diýip nygtady.

Tehraniň wagtlaýyn juma ymamy Aýatolla Ahmad hatami sözüniň soňunda ekstremist butdistler arkaly Myýanmarda Ruhingiýaly musulmanlaryň müňlerçesiniň gyrana berilenligine yşarat edip BMG-syndan we onuň garamygyndaky adam hukuk guramalaryndan we halkara ynsanperwer jemgyýetlerden Myýanmardaky jenaýatlaryň öňüne geçmeklerini isledi.

Tags