Eýranyň parlament delegasiýasynyň Damaskdaky geňeşmeleri
Eýranyň we Siriýanyň parlament dostluk toparlarynyň agzalarynyň ikitaraplaýyn duşuşygy Damaskda geçirildi.
"Eýranpress" habar gullugynyň habaryna görä, çarşenbe güni Eýran-Siriýa parlament dostluk toparynyň başlygy "Abbas Golro" bilen Siriýa-Eýran parlament dostluk toparynyň başlygynyň orunbasary "Haýfa Juma" arasynda geçirilen duşuşykda taraplar parlament hyzmatdaşlygyny giňeltmek barada pikir alyşdylar.
Siriýa bilen Eýranyň Parlament dostluk toparynyň başlygynyň orunbasary "Haýfa Juma", hem gepleşikler we parlament tejribe alyşmak iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm rol oýnap biler diýdi.
Haýfa Juma şeýle-de Eýranyň we Siriýanyň parlament dostluk toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň iki ýurduň parlamentlerinde dowam edýändigini we bu duşuşyklaryň parlament hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen geçirilýändigini aýtdy.
Eýran-Siriýa parlament dostluk toparynyň agzalary hem Damaskdaky Siriýa mejlisiniň başlygy Hamuda Sabbag bilen duşuşdy we söhbetdeş boldy.
Siriýanyň mejlisiniň başlygy Hamuda Sabbag bu ýygnakda Tähran bilen Damaskyň arasyndaky bileleşigiň kölegesinde uly ýeňişleriň gazanyljakdygyny aýtmak bilen Eýrana beren goldawlary üçin minnetdarlygyny bildirdi.