Mar 06, 2023 22:12 Asia/Ashgabat
  • Eýran Yslam Respublikasynyň we Russiýanyň prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Eýran Yslam Respublikasynyň we Russiýanyň prezidentleri telefon arkaly söhbetdeşlikde iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmegiň soňky ýagdaýyna göz aýladylar.

Prezidentiň maglumat bazasynyň habaryna görä, duşenbe güni Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin, iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň soňky ýagdaýy barada Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi we Russiýa bilen Eýranyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, esasanam halkara tranzit pudagynda pikir alyşdy.

Eýran bilen Russiýa ikitaraplaýyn ugurlarda, esasanam ykdysady, harby we howpsuzlyk gatnaşyklarynda, şeýle hem Amerikanyň birtaraplaýynlygyna garşy durmak ýaly sebit we halkara meselelerinde strategiki bähbitleri bardyr we bu soňky ýyllarda iki tarapyň ýakyn hyzmatdaşlygynyň esasy faktorlaryndan biri bolandyr.

Eýran we Russiýa, nebit we gaz gorlary we geosyýasy taýdan gaty ýokary mümkinçiliklere eýedir we bilelikde işlemek arkaly halkara ykdysadyýeti we energetika pudagynda täze deňlemeleri döredip biljekdirler.

Tags