Sanksiýalar astyndaky ýurtlaryň hyzmatdaşlygy; Sanksiýalary zyýansyzlandyrmak üçin çözgüt ýoldygyny Hezretleri Hameneýiň nygtamaklary
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i20948-sanksiýalar_astyndaky_ýurtlaryň_hyzmatdaşlygy_sanksiýalary_zyýansyzlandyrmak_üçin_çözgüt_ýoldygyny_hezretleri_hameneýiň_nygtamaklary
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary Derejeli lideri Hezretleri Aýatolla Hameneýi ,Sanksiýalar astyndaky ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň Sanksiýalary zyýansyzlandyrmak üçin çözgüt ýoldygyny nygtadylar.
(last modified 2023-03-14T12:22:47+00:00 )
Mar 14, 2023 17:22 Asia/Ashgabat
  • Sanksiýalar astyndaky ýurtlaryň hyzmatdaşlygy; Sanksiýalary zyýansyzlandyrmak üçin çözgüt ýoldygyny Hezretleri Hameneýiň nygtamaklary

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary Derejeli lideri Hezretleri Aýatolla Hameneýi ,Sanksiýalar astyndaky ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň Sanksiýalary zyýansyzlandyrmak üçin çözgüt ýoldygyny nygtadylar.

  Yslam rewolýusiýasynyň ýokary Derejeli lideri Belarusyň prezidenti bilen bolan duşuşykda, Eýran bilen Belarusyň arasyndaky köp umumylyklara ünsi çekip: Amerikanyň Birleşen Ştatlary tarapyndan sanksiýa goýlan ýurtlar bu sanksiýalary ýok etmek üçin bilelikde işlemelidigini aýtdylar

Duşenbe güni Aýatolla Hameneýi, Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko we onuň  delegasiýa agzalry bilen bolan duşuşygynda Eýran bilen Belarusyň arasyndaky umumylyklaryň birini, ABŞ we käbir Günbatar ýurtlary tarapyndan girizilen gödek sanksiýalary sanap geçdip,ABŞ tarapyndan sanksiýa girizilen ýurtlar biri-biri bilen hyzmatdaşlyk etmeli we Bilelikdäki topar döretmek arkaly sanksiýa taktikasyny ýok etmeli we munuň mümkindigine ynanýarys  diýidiler".

Embargo taktikasy henizem Amerikanyň ýolbaşçylygyndaky Günbatar ýurtlary üçin garaşsyz ýurtlara ykdysady we syýasy basyş etmek, olary izolirlemek  üçin elýeterli gurallaryň biridir; Şol sebäpli Amerikanyň Birleşen Ştatlary ýaranlary bilen bilelikde Eýran Yslam Respublikasy, Belarusiýa, Russiýa, Siriýa we Kuba ýaly  ýurtlara birnäçe ýyl bäri birtaraplaýyn we bikanun sanksiýalary ýola goýýandyr.

Bu meselä garamazdan, Günbataryň syýasy we ykdysady gegemoniýasy pese gaçýar we dünýä köp polýarizasiýa tarap barýar. Eýran, Russiýa we Hytaý ýaly sanksiýalar astyndaky ýurtlar gatnaşyklaryny pugtalandyrýar we Günbatara garaşlylygy azaldýarlar, hatda dollaryň agalygyndan azat bolmagy isleýärler; Bu çäkde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy ýa-da ösüp barýan ykdysady güýçler topary (BRICS) görnüşinde sebitleýin we halkara bileleşikleriň döremegini aýdyp bolar.

Şol sebäpden, embargo goýlan ýurtlaryň tejribesi, esasanam amerikalylar tarapyndan goýlan embargo syýasatlarynyň hemişe täsirli däldigini görkezýär,çünki embargo goýlan ýurtlar içerki mümkinçiliklere we biri-biri bilen hyzmatdaşlyga ähmiýet berýärler, Eýran Yslam Respublikasynyň bu meseläniň aýdyň mysalydyr . Eýranyň   senagat, harby we ylmy ugurlardaky ösüşine göz aýlamak Günbataryň syýasy we ykdysady basyşlarynyň Yslam respublikasynyň güýç böleklerini çäklendirip bilmeýändigini görkezýär .