Mar 26, 2023 16:07 Asia/Ashgabat
  • ABŞ-nyň Siriýanyň Deir ez-Zor şäherine eden hüjümini Eýranyň  ýazgarmagy

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary, Siriýanyň Deir ez-Zor şäherinde Amerikan goşunynyň raýat nyşanalaryna agressiw we terrorçylykly hüjümini ýazgardy.

Juma güni irden Amerikanyň bomba atyjy uçarlary Deir ez-zoryň gündogaryndaky "Hrabeş" mähellesinde däne ýygnamak merkezine we oba ösüş merkezine hüjüm etdiler netijede bu ýerde ýangyn döräp, oňa zeper ýetdi.

Juma güni agşam hem, bu hüjüme jogap hökmünde çydam güýçleri Siriýadaky Amerikan terrorçylarynyň 25 sany bikanun bazasynyň ikisini 60 raketa we pilotsyz uçar bilen nyşana aldylar.

IRNA-nyň habaryna görä, Naser Kanani şenbe güni agşam çykyşynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň bikanun harby güýçleriniň bolmagy we Siriýanyň käbir ýerlerini basyp almagy we bu ýurtdaky dürli nyşanalara hüjüm etmegi, halkara kanunlarynyň we bu ýurduň milli özygtyýarlylygynyň we territorial bitewiliginiň bozulmagydygyny aýtdy.

Kanani sözüniň dowamynda Sionist režimiň durnuksyzlaşdyryjy hereketlerine we Amerikanyň dymmagy ýa-da bu galp režim bilen hyzmatdaşlygy barada gürrüň gozgap, DAEŞ-yň döredilmeginde möhüm rol oýnan Amerikanyň bu terrorçy topara garşy göreşmek üçin Siriýada bolandygy baradaky toslamasy diňe Siriýanyň milli baýlygyny, şol sanda ýurduň galla we energiýa çeşmelerini basyp almagy we talamagy dowam etdirmek üçin bahanadyr diýdi.

Şeýle hem ol Amerikanyň syýasy we harby işgärleriniň Eýran Yslam Respublikasyna garşy aýyplamalaryny ret etmek bilen Amerikan işgärleri hemişe esassyz we subut edilmedik aýyplamalary ara atýarlar we şoňa esaslanyp höküm çykarýarlar, ýöne Ak tam bu usulyň köne bolandygyny bilmelidir diýip sözlerine goşdy.