Mar 27, 2023 11:48 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdollahian: Deňagramly daşary syýasaty we hökümetiň işjeň diplomatiýasyny durmuşa geçirmek dogry ýoldadyr

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri deňagramly daşary syýasaty we hökümetiň işjeň diplomatiýasyny durmuşa geçirmek dogry ýoldadyr diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahian şu gün (duşenbe) twit ýazyp, soňky günlerde we täze ýylynda dürli ýurtlardaky kärdeşleri bilen telefon arkaly maslahatlaşandygyny aýyp soňky günlerde Awstriýa, Awstraliýa, Oman, Katar, Kuweýt, Türkiýe, BAE, Şweýsariýa, Päkistan, Malaýziýa, Saud Arabystany, Liwiýa we Siriýanyň daşary işler ministrleri bilen maslahatlaşyldy we pikir alyşyldy diýip ýazdy.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, "Amir Abdollahian" Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşmak we gürleşmek üçin Moskwa boljak saparyny hem agzap geçdi.

Täze ýylyň ilkinji günlerinden bäri Eýranyň daşary işler ministri käbir kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar we sebitleýin we halkara özgerişler barada telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

"Amir Abdallahian" Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Farhan bilen iki gezek söhbetdeşlik geçirdi.

Eýranyň we Saud Arabystanyň daşary işler ministrleri ikinji telefon söhbetdeşliginde Remezan aýynda özara bilelikdäki ýygnagy barada pikir alyşdylar.

Amir Abdollahian, şeýle hem Liwiýanyň Daşary işler ministri bilen telefon arkaly maslahatlaşyp, Tährany görmäge çagyrdy we Eýranyň Tripolidäki ilçihanasynyň açylmagy we Eýranyň bu ýurda ilçisiniň iberilmegi barada pikir alyşdy.

Amir Abdollahian rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen 2023-nji ýylyň 29-njy martynda Moskwada duşuşar we gürleşer.