Amerikanyň gowşaklygy we pese gaçmagy
"Täze dünýä tertibiniň geometriýasy,Amerikanyň gowşaklygy we pese gaçmagy bolýar diýip Yslam rewolýusiýasynyň ýokary Derejeli lideri nygtadylar.
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary Derejeli lideri Aýatolla Hameneýi, geçen sişenbe güni (4-nji aprelda) Eýran Yslam Respublikasynyň düzgüniniň işgärleri we wekilleri bilen bolan duşuşygynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň pese gaçmagy hakda birnäçe meseläni düşündirdiler. Aýatolla Hameneýi: Dünýäde Eýranyň iň möhüm garşydaşlaryndan biri Amerikadyr, bu faktlar Obamanyň Amerikasynyň Buşuň Amerikasyndan, Trumpyň Amerikasynyň bolsa Obamanyň Amerikasyndan ejizdigini, we Baýdeniň Amerikasynyň Trumpyň Amerikasyndan ejizdigini görkezýär diýdiler.
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary Derejeli lideri, esasanam soňky birnäçe ýylda gowşaklygyň we ýaramazlaşmagyň tendensiýasyny we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň güýjüniň barha gowşamagyny görkezýän möhüm wakalara salgylanýar. Bu wakalaryň biri, esasanam 2020-nji ýylda geçirlen prezident saýlawlaryndan soň, respublikan kandidat Donald Trumpyň tarapdarlary bilen Jo Baýdeniň tarapdarlarynyň arasynda bolandygyny Ol Hezretleri aýtdylar. Bu dawalaryň dowamynda ABŞ-nyň Kongresine 2021-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Trumpyň tarapdarlary hüjüm ediler. Bu waka Amerikan demokratiýasynyň esaslaryny sarsdyrdy. Beýleki tarapdan, Trump Amerikada demokratiýany ýalan diýip atlandyrdy we Amerikanyň saýlaw ulgamyny pasyt bilip, bu saýlawda uly galplyklaryň ýüze çykandygyny nygtatdy. Mundan başga-da, 6-njy ýanwarda bolan waka Amerikanyň kanuny we halkara täsiriniň syýasy ugurda sorag edilmegine sebäp boldy. Häzirki wagtda Trump-a garşy jenaýatyň yglan edilmegi we kazyýet işi Amerikada garşydaşlaryň arasynda täze ikitaraplaýynlyga sebäp boldy we Amerikanyň gowşaklygynyň başga bir mysaly, Waşingtonyň öz maksatlaryna we bähbitlerine laýyklykda Ukrainadaky söweşi ýola goýdy.Emma Waşingtonyň Ukraina ägirt uly harby we ýarag kömegine garamazdan, Russiýa köp maksatlaryna ýetmegi başardy. Bu mesele Baýden hökümetiniň Ukrainadaky syýasaty, hatda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň içinde-de tankyt edilmegine sebäp boldy. ABŞ-nyň Kongresiniň respublikan wekili Baýdeniň Ukraina söweşine garşy alyp barýan syýasatynyň şowsuz bolandygyny ýazdy.
Amerikanyň ejizligi we pese gaçmagy ugrunda Aýatolla Hameneýiniň bellän başga bir meselesi, Waşingtonyň bir tarapdan sionist režimiň içerki krizisini çözüp bilmezligi we arap ýurtlarynyň Eýran bilen işleşmeginiň öňüni alyp bilmezligidir.