Rewolýusiýanyň lideri: Günbatarlylar esasan adam hukuklarynyň duşmanydyr
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri adam hukuklary baradaky talapyň günbatarlylara degişli däldigini aýtdy we Günbatarlylar esasan adam hukuklarynyň duşmanydyr diýip nygtadylar.
Ymam Hasan Mojtabiniň (sallaLlahu aleýhi we sellem) dünýä inen gijesinde bir topar pars dili we edebiýat mugallymlary we ýaş we ýaşuly şahyrlar Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy bilen duşuşdylar.
Bu ýygnakda Aýatolla Hameneýi adam hukuklary baradaky talapyň günbatarlylara degişli däldigini aýtdy we günbatarlylaryň esasan adam hukuklarynyň duşmanydygyny we olaryň adam hukuklaryny hemmeler DAEŞ-de, adamlary diri ýakmakda ýa-da gark etmekde ýa-da munapyklary we Saddamy goldamakda ýa-da Gaza we Palestina garşy jenaýatlarda gördiler diýip beýan etdiler.
Ol Hezretleri şeýle-de Terrorçylyga we Tähranyň köçelerinde dindar ýaşlaryň öldürilmegine Günbataryň goldawynyny olaryň adam hukuk baradaky toslamasynyň ýene bir subutnamasy hasaplap Arman Alivardi we Ruhollah Ajamian ýaly iň arassa ýaşlarymyz gynamalar we Günbatar metbugatynyň öjükdirilmegi we türgenleşigi sebäpli öldürildi diiýp beýan etdiler.
Aýatolla Hameneýi duşmany we onuň maksatlaryny, usullaryny we nyşana alyp boljak nokatlaryny bilmegiň zerurdygyny aýdyp duşmanyň ýumşak söweşiniň ölçeglerini bilmek hemmeler üçin zerurdyr, ýöne medeni we sungat aktiwistleriniň işjeň bolmazlygy we duşmanyň hüjüminden başgalara habar bermegi zerurdyr diýip ýatlara berdiler.